Sagdynlygyň diýary

19 Sentýabr 2023
629

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz bagtyýarlygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sport-sagaldyş çäreleriniň yzygiderli geçirilmegine uly ünsüň gönükdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlaryň sanynyň günsaýyn artmagy hem şeýle diýmäge esas döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 8-9-njy oktýabrda ýurdumyzda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdylmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toý-dabaralaryna özboluşly öwüşgin berer hem-de ildeşlerimize uly ruhubelentlik eçiler. Galyberse-de, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uly boljakdygy şübhesizdir.

Baýrammuhammet ATANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.