''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 13-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Ilki bilen, parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Habar berlişi ýaly, 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boldy. Bu waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem deputatlar tarapy

Döwlet gullukçysy: talaplar we borçlar

Türkmenistanda taryh üçin gysga döwürde durnukly ykdysadyýetiň berk binýady kemala getirildi. Gahryman Arkadagymyz: «Biziň bazar ykdysadyýeti şertlerindäki özgertmelerimiziň çalt depginde amala aşyrylmagy, ilkinji nobatda, döwlet gullukçylarynyň, dolandyryjy hünärmenleriň sowadyna, gözýetiminiň giňligine, işjeňligine, guramaçylyk ukybyna baglydyr» diýip belleýär. Şoňa görä, ýurdumyzda döwlet gullukçylarynyň hukuk bilimini, sowatlylygyny, aňyýetini, medeniýetini ösdürmäge, döredijilik ukyplarynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. 2016-njy ýylyň martynda «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurdaky özgertmeleriň aýdyň mysaly bolup, munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň esasy wezipesi Watana, halka hyzmat etmek bolup durýar. Bu Kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň umumy ykrar edilen halkara resminamalarda berkidilen kadalara we ýörelgelere pugta eýerýändiginiň güwäsidir. «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 6 bapdan, 48 maddadan ybarat bolup, bu ugruň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, raýatlaryň döwlet gullugyna hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertlerinidir tertibini kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynda «Döwlet gullugy — bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezi

«Ýaşyl ýaýladaky» dynç alyş

«Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde üç ýüz çaganyň bir wagtda dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Merkezimizde mugallymlaryň on ikisi zähmet çekýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary hem okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçýärler. Merkezimiziň edara binasy, iki gatly ýatakhana binasy, saglyk öýi, naharhana çagalar üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde kinoteatr, sport zaly, ýapyk howuz ýerleşendir. Daşarda sport oýunlary üçin açyk meýdança, ýagny, futbol, woleýbol, tennis meýdançalary, suwda ýüzmek üçin açyk howuz bar.

kä­mil jem­gy­ýe­tiň bin­ýa­dy

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Ra­ýa­tyň döw­re­bap hu­kuk me­de­ni­ýe­ti­niň bol­ma­gy kä­mil ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň eme­le gel­me­gi­niň iň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir. El­bet­de, mu­nuň üçin ýö­ri­te ter­bi­ýe­çi­lik, bi­lim, dü­şün­di­riş, wa­gyz-ün­dew iş­le­ri­niň mak­sa­da­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy wa­jyp­dyr. Ýaş ne­sil­de hu­kuk taý­dan aň-dü­şün­je­li, özü­niň we öz­ge­le­riň hak-hu­ku­gy­ny bil­ýän we bu­la­ry hor­mat­la­ýan, öz döw­le­ti­niň ka­nun­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýa­şa­ma­ga me­ýil­li şah­sy­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­mä­ge ir­gö­zin­den gi­riş­mek mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Kä­mil­lik ýa­şa ýe­ten ra­ýat­la­ry­my­zy hem dün­ýä bi­len aýak­daş bar­ha döw­re­bap­laş­ýan mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zyň öz­ger­ýän ka­da­la­ryn­dan ha­bar­ly et­mek, hiç ki­miň bu ugur­da­ky öz­ge­riş­ler­den çet­de gal­maz­ly­gy­ny ga­zan­mak döw­rüň der­wa­ýys ta­la­by bo­lup dur­ýar. Ylaý­ta-da, soň­ky ýyl­lar­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hu­kuk bin­ýa­dy tä­ze ka­nun­lar bi­len bar­ha baý­laş­ýar we kä­mil­leş­ýär. Bu öz­gert­me­le­riň düýp ma­ny­sy bi­ziň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik gur­lu­şy­na hä­zir­ki za­man hu­kuk teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny, has döw­re­bap ýö­rel­ge­le­ri, dün­ýä tej­ri­be­si­ni bar­ha giň or­naş­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.

Gözel jülgedäki şatlykly günler

Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde mekdep okuwçylarynyň gülki sesleri belentden ýaňlanyp, her güni göwün göteriji pursatlara beslenýär. Bu merkezde ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen bagtyýar çagalaryň 325-si tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we şadyýan geçirýärler. Dynç alýan çagalardan düzülen aýdym-saz, folklor, çeper okaýyş toparlarynyň yzygiderli çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlardyr beýleki çäreler çagalara egsilmez şatlyk paýlaýar.

Köňül päkligi ynsanperwerlige çagyrýar

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Şu ýylyň 9-njy iýulynda bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezine öwrülen iki mukaddeslige tagzym eden watandaşlarymyzyň zyýaraty jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň, asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek hakynda DÜZGÜNNAMASY

I. UMUMY DÜZGÜNLER Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Gyzykly pursatlar, täsirli başdangeçirmeler

Dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa hem-de gyzyklanma eýe bolan döwlet syýasatymyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy eziz Watanymyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanýar. Şoňa görä-de, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri, sport bilen meşgullanmaklary, şol sanda dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) EGER ÇAGANYŇ GÖZÜNIŇ ÖŇÜNDE ENÄNIŇ ABRAÝY BOLMASA, OL ÖZÜNDEN ÖZGÄ GADYR GOÝMAÝAN GARASÖÝMEZ BOLUP ÝETIŞER

Saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda geçdi

9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi we Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy. Bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir.

Ýigrimimiň pikirleri

■ Men saňa duşanymda bir tokga polatdym. Meni mähriň bilen eretdiň-de, galyba saldyň. Men gylyç boldum. Öz ýasan zadyňy geň görüp, eliňe aldyň. Ilki bilen kesen zadym seniň eliň boldy. Bagyşla meni! ■ Maňa: «Egoist» diýmäň! Özüňi söýmegem bir sungat.

Üýtgeşik zehinli talybyma (Oýlanma)

Salam, Saýathan! Gowumy ýagdaýlaryň, Hudaýberen gyzy?

Çagalar şadyýan dynç alyşda

Tomus paslynyň şu ajaýyp günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyşda bolýan mekdep okuwçylarynyň ençemesi wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Olaryň saglyklaryny berkidip, täze okuw ýylyna uly güýç bilen başlamaklary üçin döredilýän şertler çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri bu ýerde ýygy-ýygydan bolup, çagalaryň gowy dynç almagyna, peýdaly işler bilen meşgullanmagyna ýakyndan ýardam berýärler. Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň işjeň agzalary paýtagtymyzyň medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň wekilleri bilen bu merkezde bolup, milli oýunlarymyz boýunça dürli bäsleşikleri geçirdiler. Çagalaryň dürli kitaplary okamagy guralyp, gürrüň bermek ukyby boýunça, gyzjagazlaryň arasynda el işlerini etmekde, alaja işmekde, örmekde başarnyklaryny synap görmek, surat çekmek bäsleşigi guraldy. Bäsleşigiň dowamynda küşt, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, matanyň ýüzüne milli nagyşlarymyzy salmak, örmek, işmek, okan eserini gürrüň bermek boýunça çagalar özara bäsleşdiler. Has başarjaň, ukyply çagalar öňe saýlanyp, olar ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

Wagyz-nesihat maslahaty

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň welaýat prokuraturasy we adalat bölümi bilen bilelikde guramagynda jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylyk ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn bellenildi. Çykyş edenler ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny goramak, raýat jemgyýetini berkarar etmek babatynda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler.  Şunda  raýat hukuk gatnaşyklarynyň uly orna eýedigini bellediler. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi babatda alnyp barylýan işleriň bagtyýar ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döredýändigi bellenildi.

Täsirli geçen çäre

Etrek etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi, şahyr Ahmetberdi Mededowyň «Yşk dünýäsiniň gujagynda» diýen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler şahyry täze kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlap,  galamynyň ýiti, kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda agzalan kitaphanada ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda söhbet açyldy. Häzirki günlerde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýändigi, bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy, saglygyny berkitmegi babatynda ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada aýtmak bilen, duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň kitaphana ýygy-ýygyndan gelmeginiň hem guwandyryjy ýagdaýdygyny bellediler. Kitaphana işgärleri ýaşlara kitaphananyň işi, kitap gory we dörebap hyzmatlar hakda gyzykly gürrüň berdiler.

Şadyýanlygyň mekany

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde tomsuň häzirki gyzykly günlerinde welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen mekdep okuwçylarynyň uly topary dynç alyş günlerini ruhubelentlikde geçirýär. Munuň üçin merkezde giň şertler bar. Merkezde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem täsirli bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar, sport ýaryşlary we beýleki baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Ol ýerde zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlar bolsa, her bir çäräniň netijeli we ýatda galyjy bolmagy ugrunda tagalla edýärler.

Okuw maslahatlar — işjeňlige eýe

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň iş meýilnamalarynyň çäginde şu günler etraplaryň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň, daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda okuw maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Tejen etrap birleşmeleriniň guramagynda biziň etrabymyzda hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň kadalaryny, zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek maksady bilen okuw maslahatlary geçirilýär. Okuw maslahatlary işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak babatda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetli bolup durýar. Onuň barşynda zähmeti goramak boýunça kadalaryň, düzgünleriň berjaý edilişi, zähmeti goramagyň degişli talaplara laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, degişli gollanmalaryň dogry ýöredilişi barada aýratyn gürrüň edilýär.