Beýik işlere buýsanç
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň uly üns-alada bilen gurşalmagy, olaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalar bizi has-da begendirýär, buýsandyrýar. Elbetde, ýaş nesliň kämilligi diýilse, ilki bilen, bilim ulgamyndaky şertler göz öňüňde janlanýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olarda zerur enjamlaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň we usulyýetleriniň işe girizilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, olary ylymly-bilimli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde mugallymlara ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Şeýle kämil tehnologiýaly ýokary okuw mekdepde talyplary ýetişdirmegiň jogapkärçiligi uly bolup, biz ― mugallymlar talyp ýaşlarymyzyň ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda tagalla