Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi has-da belende galýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz bütin dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň özi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýändigine doly güwä geçýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda türkmen halky ýene-de bir hoş habara şaýat boldy, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. 2017-nji