Ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir

11 Dekabr 2024
114

Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­niň bar­ha gi­ňel­me­gi, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ýyg­jam­laş­ma­gy, da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň da­ba­ra­lan­ma­gy we bu ugur­la­ry gel­jek­de has-da ös­dür­mek ug­run­da­ky mak­sat­na­ma­lar dö­wür­deş ýaş­la­ry­myz­dan dün­ýä dil­le­ri­ni iç­gin öw­ren­mek­li­gi ta­lap ed­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy hem şol mak­sa­da gö­nük­di­ri­len­dir. Ag­za­lan Kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Bu ugur­da­ky ta­gal­la­lar ýaş nes­le bi­lim-ter­bi­ýe ber­me­giň, ene di­li­miz bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni üz­nük­siz okat­ma­gyň bi­te­wi ul­ga­my­ny eme­le ge­tir­mek­de, ony hil taý­dan dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da mö­hüm bo­lup dur­ýar.