Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň uly üns-alada bilen gurşalmagy, olaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalar bizi has-da begendirýär, buýsandyrýar. Elbetde, ýaş nesliň kämilligi diýilse, ilki bilen, bilim ulgamyndaky şertler göz öňüňde janlanýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olarda zerur enjamlaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň we usulyýetleriniň işe girizilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, olary ylymly-bilimli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde mugallymlara ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär.
Şeýle kämil tehnologiýaly ýokary okuw mekdepde talyplary ýetişdirmegiň jogapkärçiligi uly bolup, biz ― mugallymlar talyp ýaşlarymyzyň ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda tagalla edýäris. Ýakynda institutymyzda daşky gurşawy goramak üçin durnukly energetika pudagyndaky halkara tejribäni öwrenmek boýunça konferensiýa geçirildi. Onuň çäginde «Ekologik esasda elektrik energetika pudagyny nädip ösdürmeli?» diýlen mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.