"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ýaşlara ýagşy görelde

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Sporty hemra edinen ynsanlar hemişe juwan bolýar. «Adamyň göwresi garrasa-da, göwni garramaz» diýilýän söz asyl sportsöýer adamlara degişlimikä diýýän. Ine, biziň ýaşy 80-iň bosagasyndaky Aga mugallymymyz hem «ýaşlaryň gujuryna gaýra dur» diýýän kuwwaty, zähmetsöýerligi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän işjeňligi bilen hemmelere ýagşy görelde bolýar. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Hyrslan Jumaýew geňeşliginiň ýaşaýjysy, indi birnäçe ýyl bäri Murgap etrabynyň 34-nji orta mekdebinde bedenterbiýe mugallymy bolup zähmet çekýän Aga Orunow diňe bir okuwçylary üçin kesbine berlen halypa bolman, eýsem ol bütin oba adamlary, uly-kiçi üçin sport-bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň ajaýyp netijesiniň bardygyny görkezip gelýär.

Biziň Parahat agamyz

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hor­mat­ly ag­za­sy Pa­ra­hat Ga­ra­ýew bedenterbiýäni we olimpiýa hereketini ýaýbaňlandyrmak üçin yhlas edýän ildeşlerimiziň biridir. Ol ýaşlar üçin Parahat aga bolsa, sport jemgyýetçiligi sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ruhubelent ynsan hökmünde tanalýar.

Ussat tälimçi

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň spor­tuň boks gör­nü­şi­ni saý­la­ma­gyn­da we us­sat­ly­ga gol be­rip, ab­raý­ly ýa­ryş­lar­da şow­ly çy­kyş et­mek­le­rin­de uly ta­gal­la ed­ýän tej­ri­be­li tä­lim­çi­le­riň bi­ri Oraz­gel­di Ça­ry­ýa­row­dyr.

«Dota 2» boýunça Türkmenistanyň çempionaty

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Aş­ga­bat­da «Do­ta 2» bo­ýun­ça ge­çi­ri­len mil­li saý­la­ma ýa­ryş ta­mam­lan­dy. Bu ýa­ryş şu ýyl 14-nji ge­zek ge­çi­ril­jek elekt­ron spor­ty bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na Türk­me­nis­tan­dan gat­naş­jak iň go­wy to­pa­ry saý­la­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­dy.

«Ömür merdiwany» kyssalar toplumyndan

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Bi­rin­ji wa­ka

Gurban Berdiýewiň paýhasy Messiniň ussatlygyndan üstün çykdy

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Sport ýa­ryş­la­ryn­da he­mi­şe fi­zi­ki ar­tyk­maç­lyk esa­sy äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ma­ýar. Fi­zi­ki güý­jüň, çak­gan­ly­gyň, teh­ni­ki ba­şar­ny­gyň ne­ti­je ber­me­gi üçin ola­ryň hem­me­si­ni bir mak­sa­da hyz­mat et­dir­ýän bi­ler­men, ýag­ny tä­lim­çi ge­rek. Tä­lim­çi­niň paý­ha­sy­nyň we ba­şar­ny­gy­nyň «Or­ta­tap» di­ýil­ýän oýun­çy­lar bi­len dog­ry gu­ra­lan tak­ti­ka ar­ka­ly is­len­dik to­pa­ry iň aň­ry­baş be­lent­li­ge çy­ka­ryp bil­ýän­di­gi­ni 2004-nji ýyl­da gör­dük. Şon­da ne­mes hü­när­me­ni Ot­to Re­ha­gel ozal ady-so­ry bi­lin­me­ýän Gre­si­ýa­nyň fut­bol ýy­gyn­dy­sy bi­len Por­tu­ga­li­ýa­da hä­zir­ki wag­tyň ýoň bo­lan jüm­le­si bi­len aý­da­nyň­da, «Ro­nal­du we onuň ko­man­da­sy­ny» (Şol wagt Por­tu­ga­li­ýa Lu­iş Fi­gu­nyň ady bi­len ta­nal­ýar­dy) fi­nal­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Em­ma «Ko­rol Ot­to» diý­lip, da­ba­ra­lan­dy­ry­lan us­sat tä­lim­çi­niň ady şon­dan soň kän bir «Üs­tün­lik» di­ýen söz bi­len bir ýer­de ag­zal­ma­dy. In­di bu gür­rü­ňi bu ýer­de go­ýup, öz gö­zü­mi­ziň ýet­ýän gi­ňiş­li­gi­ne na­zar aý­la­ly.

Okuwçy gyzyň medallary

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Tö­we­rek goh-gal­ma­gal. Kim­si bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan per­zen­di­ni, kim­si do­ga­ny­ny ýa dos­tu­ny, kim­si-de ag­ty­gy­ny gol­dap go­wur tu­ruz­ýar. Em­ma bu goh-gal­ma­gal­la­ryň hi­ji­si-de onuň ün­sü­ni bö­lüp bi­le­nok. Oku­ny hem ýa­ýy­ny ele alan gyz üns bi­len ny­şa­na se­red­ýär. Sport za­ly­nyň şow­hu­ny bir ýa­na, eli ýaý­ly gyz baş­ga bir ýa­na… Iç­ki hem daş­ky dün­ýä­sin­de hem­me zat­dan rüs­tem gel­ýän za­da – yna­ma yh­la­sy­ny di­rän gy­zyň ýa­ýy­ny göý­be­re­nem şol­dy we­lin, des­si­ne gö­ni 10-luk­dan dü­şen ýaý sport za­ly­nyň şow­hu­ny­ny alys­la­ra sa­ry so­wu­ryp goý­ber­di. Ýa­ry­şyň baý­rak­ly or­nu­na my­na­syp bo­lan bu tür­gen Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 32-nji or­ta mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy Mae­de Ab­ba­so­wa­dy.

Pälwanlar – toýlaryň bezegi

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Şat­lyk-şow­hu­ny çar­ýa­na ýaň sa­lyp ulu­dan tu­tul­ýan toý­la­ry­my­zyň esa­sy da­ba­ra-be­zeg­le­ri­niň bi­ri gö­reş­dir. Go­ýu­lan baý­rak­la­ry al­mak ug­run­da päl­wan­lar gö­re­şiň berk go­ýu­lan düz­gün-ka­da­sy­na eýe­rip öza­ra bäs­leş­ýär­ler, şon­da äh­li ge­len mä­re­kä­niň ün­si ola­ra gö­nü­gip toý şow­hu­ny, gy­zy­gy has-da art­ýar.

Türkmen artistleriniň durmuşyndan gyzykly pursatlar

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 (Hekaýa)

Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň şöh­ra­ty da­ba­ra­lan­ýar

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek, hal­ka­ra de­re­je­li tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek me­se­le­le­ri döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ugur­la­ry na­za­ra alyp, 2018-nji ýy­lyň 26-njy ýan­wa­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi dö­re­dil­di. Onuň mak­sa­dy ýurt­da spor­ty, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny ös­dür­mek­den, giň dü­şün­je­li, tu­tan­ýer­li, wa­ta­na we­pa­ly ýaş nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek­den yba­rat­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­giniň dü­zü­min­de ýol­baş­çy­lar, ýo­ka­ry ne­ti­je­li sport we olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ut­gaş­dy­ryş, sport mek­dep­le­ri­niň işi­ni we sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty we köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri, yk­dy­sa­dy sel­je­riş we me­ýil­leş­di­riş, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry, ma­li­ýe we buh­gal­ter ha­sa­ba­ty, sport des­ga­la­ry­ny do­lan­dy­ryş we gur­lu­şyk, iş do­lan­dy­ryş, iş­gär­ler we ýö­ri­te iş­ler ýa­ly bö­lüm­ler he­re­ket ed­ýär.

Ma­ny­ly öm­rüň be­ýa­ny

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 er bir yn­sa­nyň öm­rü­niň ma­ny­sy onuň bi­ti­ren ýag­şy iş­le­ri, ha­ýyr­ly baş­lan­gyç­la­ry bi­len öl­çe­nil­ýär. Il yk­ba­ly­na da­hyl­ly iş­le­ri, be­ýik mak­sat­la­ry öm­rü­niň ma­ny­sy­na öw­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy» at­ly ki­ta­by bi­ziň üçin nus­ga­lyk mek­dep­dir.

Ýur­du­myz­da ýaýbaňlandyrylan dabaralar­

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 7-nji ap­rel­de, asyl­ly dä­be gö­rä, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz ed­ýän baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Mil­li se­ne­na­ma­da ber­ki­di­len bu hal­ka­ra se­nä ga­bat­la­nyp, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş gu­ral­dy. Oňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem gat­naş­dy. We­lo­si­ped­li ýö­riş­ler, dür­li be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport çä­re­le­ri, ýaş tür­gen­le­riň gör­kez­me çy­kyş­la­ry paý­tag­ty­myz bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Günleri ajaýyplyga beslenýän aýlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Aý­la­ry aja­ýyp­ly­ga, gün­le­ri gül­le­re bes­le­nip ge­len 2022-nji ýyl – «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly be­lent tu­tum­la­ra ba­dal­ga be­rip, mak­sat­la­ry my­ra­dy­na gow­şu­rdy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça her ýy­la at ber­mek ýa­ly aja­ýyp däp­de mil­li ösü­şiň tä­ze tap­gy­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň yg­lan edil­me­gi wa­tan­çy­lyk ru­hu­nyň be­len­de gal­ma­gy­na we her bir ra­ýa­tyň ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ägirt uly iş­le­re şah­sy go­şant goş­ma­ga hö­we­si­niň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bu ýy­ly­my­zyň «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za bo­lan hor­mat-sar­pa­sy­nyň be­ýa­ny­dyr.

Sport hem baýdak

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Baý­dak – ýur­duň mer­te­be­si. Baý­da­gy be­lent­de pa­syr­da­ýan döw­le­tiň at-ab­ra­ýy hem, on­da ýa­şa­ýan adam­la­ryň ru­hy hem be­lent bol­ýar. Bu gün dün­ýäň de­pe­sin­de pa­syr­dap du­ran ýa­şyl Tu­gu­my­za gö­zü­miz dü­şen­de, köň­lü­mi­ze buý­sanç duý­gu­la­ry ara­laş­ýar.

Har­by sport — wa­tan­sö­ýü­ji­lik mek­de­bi

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň mer­te­be­si­niň be­len­de gö­te­ril­me­gi gö­nü­den-gö­ni ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly güýç­le­rin­de gul­luk borç­la­ry­ny ber­jaý ed­ýän türk­men ogul­la­ry­nyň eder­men­li­gi­ne bag­ly­dyr. Äh­li türk­men öý-ojak­la­ryn­dan göz­baş al­ýan ata Wa­ta­ny­my­zy go­ra­mak­da sap wyž­dan­ly, leb­zi­ha­lal, ýag­şy­ly­ga ym­tyl­ýan ru­hu­be­lent, gaý­rat­ly, sag­dyn ýaş­la­ry­my­zyň güý­ji, gu­ju­ry gaý­nap joş­ýar. Bu ugur­da har­by gul­luk­çy­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­rin­den baş alyp çyk­ma­gy, beý­le­ki ýaş­la­ry­myz bi­len deň de­re­je­de har­by tür­gen­le­ri­mi­ziň hem Olim­pia­da­la­ra, hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ma­gy Wa­tan go­ra­gy ug­run­da sö­weş he­re­ket­le­rin­de, ýö­ri­te tak­ti­ki sa­pak­lar­da ça­la­syn­ly­gy ele al­ma­ga, gaý­ra­ta ga­lan be­de­niň has-da sag­dyn bol­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. «Halkyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýylynda eziz Di­ýa­ry­myz­da köp­çü­lik­le­ýin spor­ta we be­den­ter­bi­ýä giň ge­rim be­ril­me­gi ýaş wa­tan­çy­la­ry diý­seň gu­wan­dyr­ýar. Be­den­ter­bi­ýe we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak köp­san­ly har­by gul­luk­çy­la­ry­my­zyň berk be­den­li, gu­jur­ly, giň dü­şün­je­li bol­ma­gyn­da, erk­le­ri­ni we hä­si­ýet­le­ri­ni ter­bi­ýe­le­mek­de, ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak

Bagtyýar zamananyň ruhubelent ýaşlary

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň dün­ýä de­re­je­sin­de ösen dü­züm­le­ri, şeý­le-de bag­ty­ýar türk­men ýaş­la­ry­na sportuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak hem-de dün­ýä we yk­lym de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýa­şyl Tu­gu­my­zy al-as­man­da par­lat­mak üçin aja­ýyp şert­ler we giň ge­rim­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.

Welosiped — meniň ýakyn hemram

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Sport, şol sanda welosiped sporty ada­myň be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­na uly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Men mu­ňa mek­dep­de be­den­ter­bi­ýe der­sin­de tür­gen­le­şik geç­ýär­käm göz ýe­tir­dim. Bi­ze be­den­ter­bi­ýe mu­gal­ly­my­myz sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň aňyň, ru­hy dün­ýäň gö­zel­leş­me­gi­ne, dün­ýä­ga­raý­şyň gi­ňe­me­gi­ne ge­tir­ýän­di­gi­ni hä­li-şin­di aý­dar­dy. Bu, ha­ky­kat­da­nam, şeý­le. Men in­di sport bi­len meş­gul­la­nyp, yzy­gi­der­li tür­gen­le­şip, özü­mi ra­hat hem er­kin, güýç-kuw­wat­ly duý­ýa­ryn.

Saz we saglyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Sag­dyn ýa­şa­ýyş üçin he­re­ke­tiň ze­rur­dy­gy­ny hem­mä­miz bil­ýän bol­sak ge­rek. Em­ma ada­myň nerw-da­mar ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly ýag­daý­da bol­ma­gy beý­ni­niň dynç al­ma­gy üçin di­ňe bir he­re­ket ýe­ter­lik bol­man, eý­sem peý­da­ly daş­ky tä­sir­ler hem ge­rek. «Ýa­kym­ly owaz­la­ryň şy­pa be­ri­ji tä­si­ri bar­dyr» diý­li­şi ýa­ly, sa­zyň ada­ma ýe­tir­ýän oňyn tä­si­ri alym­lar ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan. «Ga­ty» hem-de «ýu­waş» di­ýen iki sö­züň bi­rik­me­gin­den eme­le ge­len for­te­pia­no hem şeý­le tä­sir­le­ri özün­de jem­le­ýän saz gu­ra­ly­dyr. Baş­ga­ça, «10 bar­magyň hü­nä­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan for­te­pia­no­da ada­myň 10 bar­ma­gy-da deň de­re­je­de he­re­ket ed­ýär. Yn­san be­de­ni­ni tap­la­mak­da bu saz gu­ra­ly­nyň tä­si­ri ba­ra­da Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýö­ri­te for­te­pia­no ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Şem­şat Aman­ne­pe­so­wa­nyň pi­kir­le­ri­ni diň­lä­liň!

San­ly ul­gam – döw­rüň ta­la­by

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 In­ter­ne­tiň ha­bar­lar ul­ga­my­na Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gy­ny gi­ňelt­mek, elekt­ron ne­şir­le­riň ma­ha­ba­tyn­dan gir­de­ji al­mak, saýt­la­ry hem-de beý­le­ki web-se­riş­de­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan­da 2020–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­me­giň çä­gin­de «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «7/24.tm» at­ly hep­de­lik elekt­ron go­şun­dy­sy her hep­dä­niň du­şen­be gü­ni oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. On­da­ky ma­te­ri­al­lar türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de taý­ýar­la­ny­lyp, her bir ma­ka­la, ha­bar žur­na­lis­ti­ka­nyň döw­re­bap ta­lap­la­ryn­dan ugur al­ýar.

Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler bü­tin hal­ky­myz bi­len bir ha­tar­da ýaş­la­ryň hem buý­san­jy­ny art­dyr­ýar.