San­ly ul­gam – döw­rüň ta­la­by

21 Iýul 2022
1030

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022

In­ter­ne­tiň ha­bar­lar ul­ga­my­na Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gy­ny gi­ňelt­mek, elekt­ron ne­şir­le­riň ma­ha­ba­tyn­dan gir­de­ji al­mak, saýt­la­ry hem-de beý­le­ki web-se­riş­de­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan­da 2020–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­me­giň çä­gin­de «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «7/24.tm» at­ly hep­de­lik elekt­ron go­şun­dy­sy her hep­dä­niň du­şen­be gü­ni oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. On­da­ky ma­te­ri­al­lar türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de taý­ýar­la­ny­lyp, her bir ma­ka­la, ha­bar žur­na­lis­ti­ka­nyň döw­re­bap ta­lap­la­ryn­dan ugur al­ýar.