Kouçing – dolandyryşa täzeçe çemeleşme
«Türkmenistan Sport», № 1 (13), 2022 Daşky gurşawyň ösüşinde çarkandakly ýollaryň ýüze çykmagy ýurtda sosial, ykdysady we syýasy çökgünlik bilen bilelikde bazaryň bäsdeşikli şertlerinde öňdebaryjy orunlary eýelemäge çalyşýan hojalyk işiniň subýektlerini öz işewürligini ösdürmek, hususan-da, dolandyryş we işleri höweslendiriş ulgamlaryny ösdürmek üçin täze çemeleşmeleri gözlemäge mejbur edýär. «Coaching» adalgasy sportdan gelen sözdür we iňlis dilinden «tälimçilik» diýlip terjime edilýär.