"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Oňyn özgertmeler kämilligiň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça batly depginlerde ösdürilýär. Türkmen ylmyny dünýä derejesinde ösdürmek maksady bilen ýurdumyz tarapyndan ylmy esasly birnäçe maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, döwlet tarapyndan ylmy goldamak giňeldilýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi hem barha ýokarlandyrylyp, uly üstünlikleriň gazanylmagyna, eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň hem artmagyna uly goltgy berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan ygtyýarnama alnan ylmy açyşlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekmegi ylmy işler bilen meşgullanýan ähli raýatlarymyzyň başyny göge ýetirdi.

Jogapkärli möwsüm

Şu günler hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde gulluk möhletini tamamlan çagyryş boýunça harby gullukçylaryň ätiýaçlyga ugradyş dabaralary bilen bir hatarda, harby gulluga gadam basýan ýaş esgerleriň harby bölümlerde garşylanyş dabaralary-da gyzgalaňly dowam edýär. Gulluk möhletini tamamlap, ätiýaçlyga ugradylýan esgerlere geljekki durmuşlarynda ak ýollaryň ýaran bolmagy we tutan maksatlaryna gowuşmaklary arzuwlanyp, olaryň gullukda aýratyn tapawutlananlaryna Hormat hatlary, ene-atalaryna Minnetdarlyk hatlary, şeýle-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Çagyryş boýunça harby gulluga gadam basýan ýaş esgerlere bolsa, harby gulluk durmuşynyň aýratynlyklary bilen bir hatarda, harby bölümleriň taryhy, söweşjeň däp-dessurlary, Watan goragynda şöhratly pederlerimiziň görkezen gahrymançylyklary baradaky gyzykly gürrüňler berilýär. Allamyrat ÝALKANOW, podpolkownik.

Watana wepalylygyň beýik mekdebi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyplyklara beslenýän günleri eziz Diýarymyzyň hukuk binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen işler bilen döwrümiziň taryhy senenamasyny has-da baýlaşdyrýar. Çünki mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy goramagy hem-de jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmagy, kanunçylygy has-da berkitmegi hemişe baş maksat edinýän Watan goragçylary bular bilen birlikde, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent we jogapkärli borçlara wepaly bolup, bu ugurda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýle mukaddes borja wepalylyk bilen Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluklaryny tamamlaýan merdana ýigitlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçen esgerleri harby gullukdan boşatmak we ýaş raýatlary harby

Manyly ömrüň beýany

Golaýda podpolkownik Myrat Hojagulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby bilen baglanyşykly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Çäräniň dowamynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Döwran Orazdurdyýew, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Gurbangeldiýewa, etrap kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülzada Gorganowa, kiçi seržant Şageldi Kadyrow, esger Bagtyýaremin Amangeldiýew dagy ajaýyp eseriň many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň etrap medeniýet öýüniň aýdym-saz toparynyň mukaddes Watanymyzy, ösüşli döwrümizi wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary bilen utgaşmagy harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy. Maýsa BAÝRAMGULYÝEWA, kapitan.

Ajaýyp kitaplary okap...

Gadymy medeniýetiň şöhraty 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda güneşli Diýarymyzyň gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Sebäbi, munuň özi Gündogaryň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň köp asyrlyk baý medeni mirasyna goýulýan belent sarpa şaýatlyk edýär. Şeýle guwançly günlerde hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy il-günümiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk boldy.

Ynsanperwerlik ýörelgeleri dabaralanýar

Parahatlygyň baýramy Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ruhy-medeni mirasymyza sarpa goýmak, öwrenmek, wagyz etmek, ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden, ýagny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramlaryň biridir. Bu baýramyň nesilden-nesle geçip, arzyly baýramlaryň birine öwrülmegi gurbanlygyň ynsan bähbitli ýagşy arzuw-niýetlere ýugrulandygyny aňladýar.

Döwrümiziň gojalary

Hyrslan aganyň şägirdi Men Hommat agalara baranymda, ol ýanýoldaşy Ogulkeýik eje bilen çaýlaşyp oturan ekeni. Ol saglyk-amanlykdan soň, maňa öýüň töründen ýer görkezdi. Men myhman hatyramy saklap, şol ýere ornaşdym. Onuň durmuş hem-de zähmet ýollary barada gürrüň gozgamagyň ebeteýini tapman, esli salym oturdym. Ahyry ýüregimi bire baglap, şu sözleri aýtmaga ýetişdim.

Size nähili hyzmat edilýär?

Şäheriň görkanalygy artýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylyp, ýeňişli menzillerimiz rowaç alýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Güneşli Diýarymyzyň şäherdir obalarynyň arassaçylygy, abadanlygy ugrundaky edilýän yhlas-tagallalaram ýerine düşýär.

Dogdy asmanyň zöhresi, çyn aşyga döwran bu gün

Ylmyň dünýäsine ýaňy gadam basan ýaş ýigit ylym ägirtleriniň birini özüne halypa tutunýar. Ol halypa şägirdi boljak ýigidiň dünýägaraýşyny barlap görmek üçin sorag berýär: — Dünýäniň ýüzünde iň bagtyýar halk diýip nähili halky mysal getirse bolar?

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Zähmet gatnaşyklarynyň kanunçylygy Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap kanunçylygy kesgitlenendir. Şu Kodekse we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, işgär bilen iş berijiniň arasynda baglaşylýan zähmet şertnamasy zähmet gatnaşyklarynyň döremegi üçin esas bolup durýar. Zähmet şertnamasy — munuň özi iş beriji bilen işgäriň arasyndaky zähmet gatnaşyklarynda taraplaryň özara esasy hukuklaryny we borçlaryny belleýän ylalaşykdyr. Oňa laýyklykda, iş beriji işgäre kanunçylykda göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda iş bermäge, zähmet şertlerini döretmäge, zähmet hakyny öz wagtynda we doly tölemäge borçlanýar. Zähmet şertnamasy adamyň ýazmaça arzasynyň esasynda iş berijiniň ony işe kabul etmek hakyndaky buýrugy çykarmagy arkaly baglaşylýar.

Asudalygyň goragynda

Takyk çözgütler gazanylýar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günümiz hakda edýän ýadawsyz aladalary netijesinde güneşli Diýarymyz behişdi mekana öwrülip, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasat anyk işlere üstünlikli amal edilýär. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranyň hözirini görýär. Adam hakdaky aladada il-günümiziň rahat durmuşyny, asudalygyny üpjün etmegem derwaýys meseleleriň biri.

Resminamalar düzüw bolmalydyr

Ulag serişdesi dolandyrylanda zerur resminamalaryň düzüwligini üpjün etmek derwaýys şert bolup durýar. Mysal üçin, awtoulag serişdesine erk etmek üçin dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnama, bellenilen tertipde şahadatnama sürüjiniň elinden alnan ýagdaýynda bolsa, wagtlaýyn rugsatnamasy we şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmalydyr. Mundan başga-da, ulagyň bellige alnandygy hakynda güwänamasy we döwlet tehniki gözegçiliginden geçendigi hakynda guratlyk haty sürüjiniň ýanynda bolmalydyr. Eger-de, ulagyň eýesi bolmadyk ýagdaýynda dolandyrylanda şol ulaga eýelik etmäge, ony ulanmaga, oňa serenjam bermäge bolan hukugyny tassyklaýan resminamasy hökmandyr. Bu babatda ýük awtoulaglary üçinem kesgitlenen kadalar hereket edýär. Sürüjileriň käbirleri geleňsizlik edip, degişli resminamalary talaba laýyk resmileşdirmän awtoulaglara erk edilmegine ýol berýärler. Şeýle düzgün bozulmalara ýol berýän sürüjiler ýüze çykarylsa, olara hereket edýän kanunçylyga laýyklykda çäreler görülýär.

Nesil terbiýesi

Röwşen geljegiň çyragy Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň her bir raýatyny, maşgalasyny durmuş taýdan goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunlaryň, kadalaşdyryjy resminamalaryň kabul edilmegi il-halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mukaddes Mekanda gurbanlyk sadakasy

Döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýän Gurban baýramynyň mazmunynda ruhy gymmatlyklarymyz, milli ynanç-ygtykatlarymyz öz beýanyny tapyp, halkymyzda oňa watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän baýram hökmünde uly sarpa goýulýar. Bu mukaddes baýramyň şanyna Diýarymyzyň ähli künjeginde her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, gurbanlyk sadakalary berilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, şu sahawatly günlerde ildeşlerimiziň uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. Şunuň bilen baglylykda, keramatly Mekge-Medinä haj zyýaratyny amala aşyrýan watandaşlarymyz hem hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly hajy Serdarymyzyň beýik işleriniň rowaç bolmagyny, halkymyzyň we tutuş adamzadyň parahat ýaşaýşyny dileg edip, gurbanlyk sadakasyny berdiler. Ýeri gelende, geçen ýylyň iýunynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda haj däp-dessurlaryny berjaý edip, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

Maşgala gymmatlyklaryna sarpa

Maşgalanyň agzybirligi, berkligi ýurduň ösüşleriniň, rowaçlyklarynyň binýadydyr. Aýdylyşy ýaly, sagdyn maşgala sagdyn jemgyýetiň, sagdyn jemgyýet bolsa berkarar döwletiň sütünidir. Watanymyzda maşgala mukaddesligine belent sarpa goýulýar. Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragyndadyr. Ýaş maşgalalar üçin ýeňillikler döredilýär, döwlet tarapyndan olara goldaw-hemaýat berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alnyp barylýan döwletli tutumlar has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir» diýip belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi maşgalada rysgal-berekedi, agzybirligi üpjün etmegiň ruhy çeşmesidir. Türkmen halkynda: «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» diýilýär.

Alnym Käbä, ýüzüm kybla...

Her ýyl Gurban aýy golaýlanda keremli Gurban baýramynyň gelip çykyşy bilen bagly mukaddes kitaplarda, taryhy çeşmelerde beýan edilen kyssalar öň eşidendigimize garamazdan, gaýtadan serimize dolýar. Öň ençeme gezek eşiden hem bolsak, takwa kişileriň, kyssaçy bagşylaryň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňledigiňçe, diňläsiň gelýär. Şonda gulaga hoş ýakýan täsirli söhbetleriň içine siňip gideniňi duýman galýarsyň. Mukaddes kitap Kurany Kerimde Hezreti Ybraýym bilen ogly Ysmaýylyň arasynda bolup geçen gurban wakasy şeýle beýan edilýär. Bir gün Ybraýym: «Rebbim, maňa salyhlardan boljak bir ogul bagyş et» diýipdir. Allatagala ony terbiýeli bir ogul bilen begendiripdir. Haçan-da ogly özi bilen işe başlan çagynda Ybraýym: «Eý, oguljygym! Men düýşümde seni gurban edýändigimi görýärin, muňa näme diýersiň?» diýipdir. Ogly bolsa: «Kakam jan! Saňa näme emr edilýän bolsa, şony hem ýerine ýetir! Enşalla, sen meniň sabyr edenlerden biridigimi görersiň» diýipdir. Ikisi hem Allanyň emrine kaýyl bolup, ýola düşüpdirler. Ybraýym ogluny gurban etmek üçin ýüzinligine ýatyrypdyr. Şol wagt gökden «Eý, Ybraýym! Sen, hakykatdan hem düýşi tassykladyň» diýip ses gelipdir. Şonda oňa gökden inderilen goçy gurban etmek buýrulypdyr.

Dünýä ýurtlarynda Gur­ban baý­ra­my­

Gur­ban baý­ra­my ys­lam di­ni­ne uý­ýan­la­ryň esa­sy baý­ram­la­ry­nyň bi­ri­dir. Id al Ad­ha arap di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «gur­ban et­mek» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Bu baý­ram bü­tin Ýer ýü­zü­niň mu­sul­man­la­ry ta­ra­pyn­dan Re­me­zan aýyn­dan 70 gün ge­çen­den soň, dabaraly bel­le­nil­ýär. Biz dün­ýä halk­la­ry­nyň bu baý­ram bi­len bag­ly däp-des­sur­la­ry, mil­li ta­gam­la­ry bi­len oky­jy­la­ry­my­zy ta­nyş­dyr­magy makul bildik.

Senedim bar – sungatym bar

Senetçilik halkymyzyň gadymdan gelýän kesp-kärleriniň biri. Şolaryň arasynda zärgärçilige aýratyn hormat goýulýar. Sungat derejesine ýetirilen bu senet biziň günlerimizde döwrebap dowam etdirilýär. Golaýda Medeniýet sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli merjen paýtagtymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNERSKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde yglan edilen «Zerim bar zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Arkadag şäheri — buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyz ösýär, özgerýär. Şeýle taryhy eýýamda täze, döwrebap obalaryň, şäherçedir şäherleriň açylyş dabaralaryna şaýat bolmagyň özi tükeniksiz bagtyýarlykdan alamatdyr. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy taryhy waka hökmünde ildeşlerimiziň her birine unudylmajak duýgulary peşgeş berdi. Şol wakalaryň täsirinde ýaşaýan çagymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi we bu gün onuň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Toýlar toýa ulaşdy

Gurban baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, belent ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerligi dabaralandyrýan dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bagtyýar türkmen ili mübärek Gurban baýramyny giňden bellemäge aýratyn ähmiýet berip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Gurban baýramyny bellemek hakynda» Permanyna laýyklykda, eziz Diýarymyzda şu ýylyň 16-17-18-nji iýunynda bu sene asylly däpler esasynda giňden bellenip geçildi. Gadymy Ahal ýaýlasynda Gurban baýramy ruhy joşgun, çäksiz buýsanç döredýän, baý many-mazmunly, aýdym-sazly dabaralara utgaşdy. Her bir maşgalada, şäherdir şäherçelerde, obalarda gurbanlyk sadakalary berildi, toý gazanlary atarylyp, birek-birege hödür-kerem edildi.