Watana wepalylygyň beýik mekdebi

19 Iýun 2024
295

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyplyklara beslenýän günleri eziz Diýarymyzyň hukuk binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen işler bilen döwrümiziň taryhy senenamasyny has-da baýlaşdyrýar. Çünki mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy goramagy hem-de jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmagy, kanunçylygy has-da berkitmegi hemişe baş maksat edinýän Watan goragçylary bular bilen birlikde, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent we jogapkärli borçlara wepaly bolup, bu ugurda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Şeýle mukaddes borja wepalylyk bilen Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluklaryny tamamlaýan merdana ýigitlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçen esgerleri harby gullukdan boşatmak we ýaş raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Golaýda şu ýylyň geçen bäş aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu işleriň ýokary derejede alnyp barylmalydygy barada beren tabşyryklary hem Ýaragly Güýçlerimiziň özeni bolan esgerlere berilýän ünsüň ýokarydygyny aňladýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem belleýşi ýaly, ýaşlaryň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden wepaly gulluk etmekleri, olaryň mukaddes harby borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Häzirki wagtda harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Harby gulluga gadam basýan ýaşlaryň söweşjeň taýýarlygy bilen bir hatarda, olaryň hünär eýeleri bolmaklary ugrunda hem degişli işler alnyp barylýar. Ýaş esgerleriň arasynda merdana pederlerimiziň edermenlik, watansöýüjilik we batyrlyk ýaly häsiýetleriniň mysalynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralýan ýörite duşuşyklar aýdanlarymyza aýdyň mysal bolup biler.

Atamyrat ATAMYRADOW,
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.