Resminamalar düzüw bolmalydyr

19 Iýun 2024
218

Ulag serişdesi dolandyrylanda zerur resminamalaryň düzüwligini üpjün etmek derwaýys şert bolup durýar. Mysal üçin, awtoulag serişdesine erk etmek üçin dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnama, bellenilen tertipde şahadatnama sürüjiniň elinden alnan ýagdaýynda bolsa, wagtlaýyn rugsatnamasy we şahsyýetini tassyklaýan resminamasy bolmalydyr. Mundan başga-da, ulagyň bellige alnandygy hakynda güwänamasy we döwlet tehniki gözegçiliginden geçendigi hakynda guratlyk haty sürüjiniň ýanynda bolmalydyr. Eger-de, ulagyň eýesi bolmadyk ýagdaýynda dolandyrylanda şol ulaga eýelik etmäge, ony ulanmaga, oňa serenjam bermäge bolan hukugyny tassyklaýan resminamasy hökmandyr. Bu babatda ýük awtoulaglary üçinem kesgitlenen kadalar hereket edýär.

Sürüjileriň käbirleri geleňsizlik edip, degişli resminamalary talaba laýyk resmileşdirmän awtoulaglara erk edilmegine ýol berýärler. Şeýle düzgün bozulmalara ýol berýän sürüjiler ýüze çykarylsa, olara hereket edýän kanunçylyga laýyklykda çäreler görülýär.