Manyly ömrüň beýany

19 Iýun 2024
312

Golaýda podpolkownik Myrat Hojagulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby bilen baglanyşykly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Çäräniň dowamynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Döwran Orazdurdyýew, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Gurbangeldiýewa, etrap kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülzada Gorganowa, kiçi seržant Şageldi Kadyrow, esger Bagtyýaremin Amangeldiýew dagy ajaýyp eseriň many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň etrap medeniýet öýüniň aýdym-saz toparynyň mukaddes Watanymyzy, ösüşli döwrümizi wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary bilen utgaşmagy harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy.

Maýsa BAÝRAMGULYÝEWA,
kapitan.

Döwranguly HAÝDAROW,
podpolkownik.