Maşgala gymmatlyklaryna sarpa

19 Iýun 2024
345

Maşgalanyň agzybirligi, berkligi ýurduň ösüşleriniň, rowaçlyklarynyň binýadydyr. Aýdylyşy ýaly, sagdyn maşgala sagdyn jemgyýetiň, sagdyn jemgyýet bolsa berkarar döwletiň sütünidir.

Watanymyzda maşgala mukaddesligine belent sarpa goýulýar. Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragyndadyr. Ýaş maşgalalar üçin ýeňillikler döredilýär, döwlet tarapyndan olara goldaw-hemaýat berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alnyp barylýan döwletli tutumlar has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir» diýip belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi maşgalada rysgal-berekedi, agzybirligi üpjün etmegiň ruhy çeşmesidir. Türkmen halkynda: «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» diýilýär.

Gülşat MUHYÝEWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň maslahatçysy.