"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Arassaçylygyň ak şäheri

Milli Liderimiziň paýhasyndan paýtagtymyzyň ajaýyp desgalarynyň daş-töwereginiň, ajaýyp şaýollardyr köçeleriň bagy-bossanlyga, hoştap ysly güllere beslenmegi, lälezarlyga bürenmegi täsin gözellik dünýäsini döretmek bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa gurşawy hem emele getirýär. Ter gülleri, owadan baglary ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň zähmetsöýer işgärleri paýtagtymyzyň bagy-bossanlyga, gülzarlyga bürenmegi üçin tagalla baryny edýärler. Paýtagtymyzdaky ýyladyşhanalaryň işgärleri hem her hepdäniň şenbe güni geçirilýän arassaçylyk, baglary timarlamak işlerine edara-kärhanalaryňdyr orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, saglygy goraýyş edaralarynyň zähmet toparlary bilen birlikde, ak şäherimiziň arassaçylygyna, abadançylygyna, ýakymly ysly ter güllerdir owadan baglar bilen bezelmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şu günler şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde işine ussat bagbanlar ak şäherimizde täsin bagy-bossanlygy, gülzarlygy döretmekde döredijilikli zähmet çekýärler. Paýtagtymyzyň ýyladyşhanalarynyň we etraplaryň Bagçylyk müdirlikleriniň açyk meýdanlarda ýerleşýän nahalhanalarynyň bagbanlary geçen şenbe gününde hem özlerine berkidilen köçeleriň, şaýollaryň, täze açylýan edara binalaryň, desgalaryň daş-töweregini, seýilgähleri, sport we çagalar meýdançalaryny, okuw-terbiýeçil

Ätiýaçlandyryş şertnamasy — siziň bähbidiňiz!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň netijesinde halk hojalygynda düýpli özgertmeler bolup geçýär, tutuş ýurt ösüşlere beslenýär. Bu ösüşler bolsa diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny hem aňladýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen uly möçberli we giň göwrümli ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler bilen bir hatarda, döwletimiziň ätiýaçlandyryş işini ösdürmäge hem uly üns berilýär.

Baýramçylyk çäresi geçirildi

Ýakynda «Ýolötenbent» suw desgasynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäre geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp kitaplary esasynda çykyşlar guraldy. Çärede hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň sergisine giň orun berildi. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çärä gatnaşanlar mähriban halkymyzyň asuda, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Toýly günde syrdaşdyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan atçylyk hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen ösüşiň täze sepgitlerine çykdy. Adamyň gamly güni gardaşy, toýly güni syrdaşy bolan bedewler geçmişde türkmen ýigitleriniň diliniň senasy, köňlüniň aramy bolupdyr. Gyrat bilen ähli ýeňişlere ýeten, halkyň ýüreginiň töründe orun tutan Görogly begiň şanyna düzülen dessanda bolsa, baş gahryman bu meselede türkmen gerçeginiň ýürek arzuwy bolup, onda at hakynda şeýle diýilýär: Köýnekçesin etsem zerden,

Şanly senäniň buýsanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýan ata Watanymyzda ýaşlar syýasaty has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu waka biz, ýaşlaryň göwünlerimizi has-da galkyndyrdy. Şol meýilnamalar esasynda TMÝG-niň etrap geňeşi hem beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň orta mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat we sport çäreleri yzygiderli geçirip durýar. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli aladalar edýär. Ahalteke bedewi, nepis halysy bilen birlikde, alabaý itiniň hem sarpasy belent tutulýar. Bu ugurda milli Liderimiziň gol çeken Permany esasynda Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi uly mana eýedir. Bu baýram her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ussat seýis

Türkmeniň ýaşaýşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Inçebil, gamyşgulak, dal bedewi türkmeniň iň ýakyn syrdaşy, buýsanjy, hemrasy hasaplanylýar. Ir döwürlerden bäri türkmeniň toýlary at çapyşyksyz geçmändir. Geçmişde hem, şu günki günde hem şeýle. Bellenilen toýa wagt golaýlanda her bir seýis çapjak bedewini ýokary derejede seýisläp başlaýar. Ussat seýisleriň biri hem Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginiň Zähmetkeş obasynyň ýaşaýjysy Muhammetnyýaz Hümmetgeldiýew bolmaly. Häzirki wagtda 65 ýaşy arka atan Muhammetnyýaz aga 1970-nji ýylda öz obasynyň atlaryna seýisçilik edip başlaýar. Ol seýisçilige, at çapdyrmaga yhlas edýär. Özara söhbetdeşlikde ýaşuly seýis bize şeýle gürrüň berdi.

Buýsanjymyzyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmen halky geçmişde öz durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Behişdi bedewler diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Ýyndam, owadan, eýesine wepaly, gaýduwsyz, gyz gylykly, ynsan kimin garaýyşly ahalteke bedewlerini türkmenler wepaly dost hasaplapdyrlar. Halkymyz gyz-gelinleri altyn-kümüş bezegler bilen bezeýşi ýaly, mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini hem şaý-sepler bilen bezäp-besläpdirler. Taryha ser salanyňda, uçar ganatly bedewler öz eýesini söweşlerde howp-hatardan alyp çykypdyr. Toý gününde syrdaşy, gamly günde gardaşy bolan bedewler türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr, ýurduň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurupdyr.

Ýaş suratkeşleriň baýramçylyk sowgady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyz her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan belläp geçýär. Her bir zähmet çekýän adam bolsa bellenilýän baýramlara zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýär. Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň ýaş suratkeşleri hem ýurdumyzda bellenilýän baýramlara, şanly senelere surat eserlerini taýýarlaýarlar. Bu bölümde ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, birnäçe Halkara baýraklarynyň eýesi, ikinji derejeli nakgaş mugallym Gyzylgül Annaberdiýewa sapak berýär. Gyzylgül mugallymyň ýolbaşçylygynda ýaş suratkeşler Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem özleriniň ajaýyp surat eserlerini taýýarladylar. Olaryň çeken suratlaryny synlanyňda, heniz körpediklerine garamazdan, reňkleri sazlaşykly utgaşdyryp, türkmen bedew atlaryny çeper suratlandyrandyklaryna göz ýetirýärsiň.

Geçmişden gözbaşly wepaly alabaý

Adamzat jemgyýetiniň taryhy iňňän köp görnüşli çeşmeleriň — gadymy ýazgylaryň, arheologik we etnografik ýadygärlikleriň, antropologik maglumatlaryň esasynda öwrenilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy medeni mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda içgin öwrenmek we abat saklamak, geljekki nesillere ýetirmek işleri tutulýan ugurlaryň biridir. Arheologik ýadygärligine öwrülip giden Daňdanakanyň galyndylaryny ylmy taýdan öwrenmäge ilkinji synanyşyklar geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda başlanýar. Arheologlar orta asyr Daňdanakan şäherçesiniň galyndylarynyň Mary şäherinden 30 km. çemesi günbatarda, çölüň eteginde ýerleşýändigini anyklapdyrlar, uly bolmadyk gazuw-barlag işlerini geçiripdirler. Şeýle-de bolsa, ýadygärlik giňişleýin öwrenilmändir.

Bedewler türkmeniň mertebesi

Halkymyzyň durmuş keşgini bile çekişip, öz tebigy gözelligini saklan, dünýäniň iň ajap atlarynyň döremegine öz täsirini ýetiren ahalteke atlarymyz diňe bir türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolman, eýsem, dünýä halklarynyň hem uly buýsanjyna öwrüldi. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar”.

Halkymyzyň baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda beýik işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ählisiniň “Döwlet adam üçindir!” diýen belent şygaryň astynda durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri hem-de edermen türkmen alabaýlary türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegidir. Behişdi bedewlerimiz özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen tanalýan bolsa, türkmen alabaýlary edermenlik, wepadarlyk, eserdeňlik, hüşgärlik, duýgurlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen dünýä bellidir. Bu milli gymmatlyklarymyz barada hormatly Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr” diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Şoňa görä-de, bu günki gün ady äleme dolan milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatynda uly tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredi

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Hukuk sowatlylygynyň ähmiýeti Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda demokratik, hukuk dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk- -hukuk binýadyny kämilleşdirmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ösüş-özgerişli döwrümiziň kämil kanunlary kabul edilýär.

Alabaýlar üçin Karantin merkezi toý ruhunda açylyp, ulanylmaga berildi

DÜÝN Ak bugdaý etrabynyň çäginde, dag eteginiň gözel künjeginde bina edilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň dabaraly açylyşy boldy. Goşa senäniň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň, Türkmen alabaýynyň baýramynyň şowhunyny belende göteren bu dabara welaýat we Ak bugdaý etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, il sylagly ýaşulular, täze merkeziň gurluşygyny alyp baran gurluşykçy-hünärmenler hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy. Türkmeniň milli buýsanjy we wepaly ýoldaşy bolan alabaý itleri üçin bina edilen, özboluşly şäherjigi ýatladýan merkeziň giň çägi ir säherden toý ruhuna beslendi. Dabara üçin niýetlenen ýörite meýdançada çäksiz ruhubelentlik we şatlyk höküm sürdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň teleköpri arkaly gatnaşmagynda geçirilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlaryň ýüzündäki şatlyk, buýsanç duýgusyny duýmak has-da ýakymly boldy.

Ýyndam bedewler menzil aşdylar

Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi tarapyndan guralan atly ýöriş Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäginde geçirilen çärelere özboluşly öwüşgin berdi. Oňa ýyndam bedewleriň 20-ä golaýy gatnaşdy. Gadymy Ahal ýaýlasynyň gözel künjeginde, badalga üçin saýlanan ýörite ýerde ir säherden aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Belent joşguna beslenen sungat çykyşlary ýyndam bedewlere atlanan türgenleriň kalbyny joşa getirdi. Şeýle bolansoň, ýörite meýdançadan ýöriş bäsleşigine badalga berilmegi bilen, dor bedewleri seýisleýän türgenler bellenilen menziller boýunça uly ruhubelentlikde ýola düşdüler. 60 kilometr aralyga geçen atly ýöriş bäsleşigi bedewleriň çydamlylygyny, erjelligini äşgär görkezdi.

Dabaralara beslendi

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy welaýatymyzda giňden, dabaraly bellenilip geçildi. Şatlyk-şowhuna beslenen aýdymdyr sazlar, baý many-mazmunly dabaralar halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan çäksiz sarpasynyň dabaralanmasyna öwrüldi. GÖKDEPE. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň öňündäki behişdi bedewlerimiziň hormatyna dikeldilen heýkeliň ýanynda ýaýbaňlandyrylan dabara göwün göteriji täsirlere beslendi. Ony welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleri, medeniýet merkezleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.

Ýaşlar — ýagty geljegimiziň eýeleri

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda 12-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdep mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçylar gatnaşdy. Duşuşykda ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek babatda alnyp barylýan işlere üns çekildi. Çykyş edenler ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy, kämil bilimli bolup ýetişmegi ugrundaky wezipeleriň ýaşlar syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny nygtap, ýaş nesle watansöýüjilik, päk ahlaklylyk bilen bagly öwüt-ündewler berdiler.

Saglyk başymyzyň altyn täjidir

Şeýle at bilen Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda ýokary synp okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşykda milli LIderimiziň ildeşlerimiziň saglygy barada edýän aladalary we bu ugurda durmuşa geçirýän giň göwrümli işleriniň, sport bilen meşgullanmak boýunça döredýän şertleriniň ähmiýeti barada ýaşlara täsirli gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, her bir adamyň jan saglygy ýurduň abadançylygynyň iň esasy gözükdirijisidir. Raýatlaryň saglygy hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ilatyň hyzmatyna berlen lukmançylyk merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen alabaýy merdanalygyň nusgasy

Türkmeniň milli buýsanjy ahalteke bedewi, gözüniň guwanjy türkmen halysy, wepadar syrdaşy alabaý iti ebedi mirasymyzdyr. Her bir öýüň goragçysy, çopanlaryň ýakyn kömekçisi alabaý itleriniň merdanalygy, edermenligi hemmämize mälim. Alabaýlaryň wepadarlygy esasy aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmek, olar hakyndaky maglumatlary ýaş nesillerimize ýetirmek her birimiziň esasy borjumyzdyr. Türkmen alabaýlarynyň taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby edermen alabaýlaryň taryhyny, gelip çykyşyny, olaryň hut türkmen topragyna degişlidigini dürli ylmy maglumatlar arkaly subut edýär. Ajaýyp eserde türkmen alabaý itleriniň gelip çykyşy hakynda şeýle maglumatlar getirilýär: «Ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orun eýelän alabaý itleri gadymyýetiň tümlügini aşyp, şu döwre geldiler. Türkmen itleriniň asylky dörän döwri hakynda kesgitli pikir aýtmak aňsat däldir. Alabaýlaryň aňyrsy tibet dogundan gaýdýar diýýänler-de bar. Hytaý imperatoryna sowgat berlen tibet dogy hakyndaky maglumat biziň eýýamymyzdan öňki 1121-nji ýyla degişli. Ýöne dört müň ýyl mundan ozal jaýlanan alabaýyň ystyhanynyň Altyndepeden tapylmagy bu çaklamanyň köküne palta urýan bolsa gerek».

Türkmeniň wepaly dosty

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Gadymy heňňamlardan, taryhyň iňňän çuňlugyndan salgym atyp, türkmen alabaýynyň keşbi görünýär. Il-halkymyzda oňa «türkmen iti» hem diýilýär. Bu itiň arassa gelip çykyşlydygyny nygtamak üçin aýdylýar. Türkmen obalarynda alabaý ak öýleriň hakyky gelşigidir» diýip, jaýdar belleýär. Gapysynda garysyna ýassanyp ýatan alabaýlaryny türkmen diňe bir alabaý iti däl-de, eýsem, ony özüniň ýoldaşy, ynamdar goragçysy, wepaly syrdaşy hasaplaýar. Şonuň üçinem ata-babalarymyz tohum itleri uly höwes bilen ýetişdirip, olara dürli atlary dakypdyrlar. Akguş, Nedir, Garabaş, Hangaplaň, Garagöz, Aždar... ýaly tohum alabaýlaryň atlary türkmen halky tarapyndan söýlendigine güwä geçýär. Türkmen topragynda örňäp-ösen jandarlaryň ählisinde diýen ýaly ynsana ýakyn mähremlik bar. Türkmen aga kellesi gazan ýaly, aýy penjeli, döşlek hem erinlek, wepaly köpegine ýöne ýerden guwanmandyr. Türkmeniň alabaý iti edil bedew atlarymyz, meşhur halylarymyz, gazma dutarymyz, saryja goýunlarymyz, nepis şaý-seplerimiz... ýaly asyrlardan-asyrlara miras bolup gelýän milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen halky ençeme ýyllaryň dowamynda alabaý itlerimiziň neslini ýitirmän gelipdir. Alabaý itlerimiz barada gürrüň edilende türkmeniň geçmişine, taryhyna ser salmazlyk asla mümkin däl. Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Altyndepeden gazuw-agtaryş işleri netijesind

Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan

■ Taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr. ■ Türkmenler ýaşaýyş-durmuşyny, tutuş milletini taryhyň synaga salan pursatlarynda hem bedewinden elini üzen däldir.