Ýyndam bedewler menzil aşdylar

25 Aprel 2021
824

Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi tarapyndan guralan atly ýöriş Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäginde geçirilen çärelere özboluşly öwüşgin berdi. Oňa ýyndam bedewleriň 20-ä golaýy gatnaşdy.

Gadymy Ahal ýaýlasynyň gözel künjeginde, badalga üçin saýlanan ýörite ýerde ir säherden aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Belent joşguna beslenen sungat çykyşlary ýyndam bedewlere atlanan türgenleriň kalbyny joşa getirdi. Şeýle bolansoň, ýörite meýdançadan ýöriş bäsleşigine badalga berilmegi bilen, dor bedewleri seýisleýän türgenler bellenilen menziller boýunça uly ruhubelentlikde ýola düşdüler. 60 kilometr aralyga geçen atly ýöriş bäsleşigi bedewleriň çydamlylygyny, erjelligini äşgär görkezdi.

Döwlet HOJAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni. SURATLARDA: uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginden pursatlar. Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.