Halkymyzyň baýlygy

26 Aprel 2021
745

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda beýik işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ählisiniň “Döwlet adam üçindir!” diýen belent şygaryň astynda durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri hem-de edermen türkmen alabaýlary türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegidir. Behişdi bedewlerimiz özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen tanalýan bolsa, türkmen alabaýlary edermenlik, wepadarlyk, eserdeňlik, hüşgärlik, duýgurlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen dünýä bellidir. Bu milli gymmatlyklarymyz barada hormatly Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr” diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Şoňa görä-de, bu günki gün ady äleme dolan milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatynda uly tagallalar edilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi we bu senäniň her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçiriljekdigi şatlykly wakalaryň biri bolup, alabaý itlerimize we behişdi bedewlerimize bolan egsilmez söýgimizi we çäksiz buýsanjymyzy artdyrýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň beýik ösüşlere beslenen şu günlerinde goşa bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bagtyýar halkymyz üçin ajaýyp toýa öwrüldi. Garaşsyz Watanymyzda bu baýramçylyk mynasybetli gurnalan göçme sergiler, geçirilen maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralar hem türkmen halkynyň gözüniň görejine deňeýän bedew atyna we alabaý itine goýýan belent sarpasyny aýdyň görkezdi.