Toýly günde syrdaşdyr

26 Aprel 2021
757

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan atçylyk hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen ösüşiň täze sepgitlerine çykdy. Adamyň gamly güni gardaşy, toýly güni syrdaşy bolan bedewler geçmişde türkmen ýigitleriniň diliniň senasy, köňlüniň aramy bolupdyr. Gyrat bilen ähli ýeňişlere ýeten, halkyň ýüreginiň töründe orun tutan Görogly begiň şanyna düzülen dessanda bolsa, baş gahryman bu meselede türkmen gerçeginiň ýürek arzuwy bolup, onda at hakynda şeýle diýilýär:

Köýnekçesin etsem zerden,