"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Lukmanyň maslahatlary

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary etrap hassahanasynyň Peşanaly oba saglyk merkeziniň şepagat uýalary oba ilatynyň saglygy barada düýpli aladalanýarlar. Saglyk merkeziniň şepagat uýasy Ogulbäbek Geldiýewa hem bu merkezde birnäçe wagt bäri zähmet çekip, oba adamlarynyň alkyşlaryny gazanýar. SURATDA: Ogulbäbek Geldiýewa iş wagtynda.

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda arassaçylyk kadalaryny wagyz etmek maksady bilen golaýda TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan obalarda arassaçylyk işleriniň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek boýunça maslahat geçirildi. Bu mesele boýunça düzülen toparyň geçiren işleriniň barşynda etrabyň Mülkýusup, Mollanepes adyndaky, Halyl, J. Atajanow adyndaky, Gökje geňeşlikleriniň çäginde arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek, geňeşlikleriň hem-de daýhan birleşikleriniň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, oba saglyk merkezleriniň, oba medeniýet öýleriniň daş-töweregini arassalamak, baglaryny aklamak, köçelerini arassalap, zyýansyzlandyrmak işlerini geçirmek barada maslahat berildi. Şeýle hem oba ýaşaýjylary bilen şahsy gigiýenany berjaý etmek, talap edilýän 2 metr aralygy saklamak, agyz-burun örtüklerini dakynmak babatynda wagyz-nesihat işleri guraldy. Babajan GURBANOW.

Saglyk — tebigat bilen sazlasyk

Her paslyň özüne mahsus gözellikleri we aýratynlyklary bar. Adamyň bedeni pasyllaryň çalşygynda şol paslyň aýratynlyklaryna uýgunlaşmaga başlaýar. Bu hadysa immun ulgamyna, madda çalşygyna täsir edýär. Bedenimizi täze howa şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin biz sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmelidiris. Gyş paslynda adamyň bedeni suwuk tagamlary az talap edýär, ýokumly tagamlary köp iýmeli bolýar, ol iýmitler bedende energiýa öwrülýär, bu energiýa bolsa bedeniň ýylylygyny üpjün edýär. Ýokumly tagamlara et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge, şeýle hem noýbaly el unaşy, mäşgarma ýaly dürli milli tagamlarymyz degişlidir. Gyş paslynda limonly, itburunly, bally çaý adamlaryň isleg bildirip içýän esasy tagamlarynyň biridir. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlar bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp içmelidir.

Saglyk üçin maslahatlar

Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.

Tebigatyň täsin tebibi

Diýseň peýdaly hem ýokumly bu ot barada bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Ysmanak ekilenden soň, bary-ýogy bir aýda ýetişýär. Ýabany görnüşde ysmanak Kawkazda, Owganystanda, şeýle-de biziň ýurdumyzda giňden duş gelýär. Arap ýurtlarynda edil kelemdir beýleki önümler ýaly, ysmanak nahar bişirmekde iň köp ulanylýan önüm hasaplanylýar. Peýdaly maddalaryň hakyky hazynasydygyny göz öňünde tutup, ýewropalylar oňa “Tebigatyň täsin tebibi” diýip at beripdirler. Ol, aýratyn-da düzüminde köp mukdarda demriň bardygy bilen gymmatlydyr. Onuň peýdaly taraplarynyň biri-de beýniniň işleýşini gowulandyrýar, gan bedenjikleriniň döremegine işjeň gatnaşýar, immun ulgamyny goraýar, ýadawlygy peseldýär. Bişirilen görnüşdäki ysmanak has-da ýokumly bolup, onuň düzümindäki antioksidantlaryň mukdary has-da artýar. Ysmanagyň düzümindäkiden köp belok diňe gök nohutda hem-de noýbada bardyr. Şol sebäpli beden ysmanagy tiz özleşdirýär. Şonuň ýaly-da ysmanak düzüminde kaliý, demir we marganes saklamak boýunça rekordsmendir. Ol ganazlykdan ejir çekýänler we hassalykdan soňky dikeldiş döwründäkiler üçin, sowuklama garşy diýseň peýdalydyr. Iç ýörediji we buşukdyryjy täsiri, düzüminde köp mukdarda ýoduň bolmagy onuň saglyk üçin gymmatlylygyny has-da artdyrýar. Düzümindäki beta-karotin we lýutein gartaňlyk we uzak wagtlap kompýuteriň öňünde oturylmagy zerarly gözüň ýadamagyny, görejiň kütelmegini peseldýär. Göz üçin p

Lukmançylyga bagyşlanan naýbaşy kitaplar

Ge­çen 2020-nji ýyl iň esa­sy baý­ly­gyň il sag­ly­gy­dy­gy­ny bü­tin adam­za­da ýat­lat­dy. Žur­na­ly­my­zyň bu sa­nyn­da biz şol ha­zy­na­nyň sak­çy­la­ry­na — luk­man­la­ra hem-de, umu­man, luk­man­çy­ly­ga, sag­ly­ga ba­gyş­la­nan ki­tap­lar ba­ra­da söh­bet aç­mak­çy. Gür­rü­ňi­ni et­jek ki­tap­la­ry­my­zyň ara­syn­da çe­per eser­le­rem, yl­my-po­pul­ýar, ter­ji­me­hal hä­si­ýet­li ki­tap­la­ram bar. Ola­ryň ba­ry­sy, hat­da luk­man­çy­lyk­dan känbir baş çy­kar­ma­ýan adam­lar­da-da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­dip bil­ýär.

Saglyk — ruhubelentlik

Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimizde raýatlaryň saglygyny goramak esasy orunda bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamyň ösdürilip, döwrebaplaşdyrylýandygynyň, lukmançylygyň ylmy binýadynyň giňeldilýändiginiň şaýady bolýarys. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasynda: «Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr» diýlip bellenilmegi bolsa, biziň ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygynyň hukuk taýdan goraglylygynyň dabaralanmasydyr. «Saglygym — baş baýlygym» diýen peder pähimine eýerilýän bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigini Sanitariýa kodeksine, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» we «Derman üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna girizilýän üýtgetmelerde we goşmaçalarda görmek bolýar.

Wagyz-nesihat edildi

«Tejenkarbamid» zawodynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen şäher Geňeşiniň hem-de şäheriň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Sagdyn durmuş ýörelgeleri üstünligiň açarydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize ornaşdyrmak, adam saglygy üçin zyýanly serişdeleriň we ýaramaz endikleriň garşysyna barlyşyksyz göreşmek, şeýle-de howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, şahsy gigiýena-arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna zawodyň işçi-hünärmenleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda alnyp barylýan nusgalyk işler dogrusynda durup geçdiler hem-de jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, nesil terbiýesine zyýan ýetirýän ýaramaz endikleri aradan aýyrmagyň we bu ugurda nogsanlyklaryň ýüze çykmazlygyny gazanmagyň zerurdygyny bellediler. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylara saglygyňy goramak, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklamak boýunça

Düzgünleri berjaý ediň!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda her bir çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde akylly, düşünjeli, giň gözýetimli, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilendir. Munuň özi ýaş nesil hakyndaky aladanyň olaryň goraglylygyny üpjün edýändigine güwä geçýär. Çaganyň dogry iýmitlenmegini, arassa we rahat ýaşamagyny, ylym-bilimi yhlas bilen öwrenmegini, howpsuz, oňaýly şertlerde oýnamagyny, dynç almagyny, akyl zähmetini fiziki zähmet bilen utgaşdyrmagyny, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny üpjün etmeli. Eşretli geljegi bolan ýaş nesillerimizi ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly, watançylyk ruhunda terbiýelemek ulularyň paýyna düşýär. Okuw we dynç alyş şertleriniň dogry utgaşdyrylmagy okuwçynyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine ýardam edýär, höwesini artdyrýar, sapaklaryny özleşdirmäge itergi berýär. Çagalaryň ençeme sagatlap kompýuterlere, smartfonlara we planşetlere güýmenmekleri peýdaly däldir. Munuň özi hereketsiz durmuşa, görşüň peselmegine we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirýär. Kompýuterde dowamly işlenende oturylyp ýerine ýetirilýän islendik bir işde bolşy ýaly, beden üýtgewsiz ýagdaýda saklanýar. Bu bolsa köplenç beýnä, nerw ulgamyna, psihika erbet täsirini ýetirip bilýär, görüş ulgamyna artykmaç agram düşýär, oňurga we käbir myşsalar topa

Özüňizi goraň, sagdyn boluň!

Howanyň sowamagy, ýagyşdyr garyň ýagmagy bilen, gündelik ýol hereketimizde, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerimizde howpsuzlyk talaplary hem ýokarlanýar. Her bir adam jan saglygyny gorap saklamak, dürli kesellerden goranmak üçin olary berjaý etmelidir. Lukmanlar sowuk howada, ilkinji nobatda, pasla görä geýinmegi, aýaklary ýyly saklamagy maslahat berýärler. Munuň üçin bolsa aýakgaplary dogry saýlamak zerur. Ýagyşly, garly howada gonjy gysga köwüşde daşary çykmak maslahat berilmeýär. Bu meselede, aýratyn hem, ata-eneler çagalaryna gözegçiligi berkitmelidirler. Çagalaryň aýakgabyndan başlap, üstki eşiklerine çenli, pasla görä bolmagyna üns bermeli.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Lukman maslahat berýär

■ Gyş günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur. ■ Adam bedeniniň iýmiti kabul etmeklige bolan islegi hem pasla görä sazlaşýar. Mysal üçin, tomusda her bir adam uly isleg bilen garpyzdyr gawun ýaly bakja önümlerini iýmäge ymtylýar. Çünki bu döwürde beden köp suwuklygy talap edýär. Ýylyň sowuk pasyllarynda bolsa kädi, şugundyr ýaly ýokumly tagamlary kabul etmäge isleg döreýär.

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň guramagynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 5-nji, 20-nji, 86-njy we başga-da birnäçe orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriniň öňüni almak we olardan goranmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek we elleri arassa saklamak, edep-terbiýe, howpsuz 2 metr araçägi saklamak we agyz-burun örtüklerini ulanmagyň düzgünleri, bedenterbiýe we sportuň adam saglygyna peýdasy barada durlup geçildi. Çärä TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň 2-nji bölüminiň we Jenaýat agtaryş müdirliginiň 6-njy bölüminiň wekilleri hem-de mekdep müdirleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar döwletimiziň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil, daşary ýurt dillerini bilýän, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän, halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bo

Saglygymyz öz elimizde

Häzirki wagtda howanyň üýtgäp durmagy adamlaryň arasynda möwsümleýin keselleriň döremegine sebäp bolýar, biziň köpümizi sowuklama näsaglygyna duçar edýär. Şunda üsgülewük, esasan hem, dem alyş ulgamyň kesellerinde ýygy duş gelýän alamatlaryň biridir. Bu alamat nerw dartgynlylygynda (çendenaşa tolgunylanda) allergiki kesellerde, dem alyş ulgamyna tozan bölejikleri, tüsse aralaşanda ýüze çykyp bilýär. Kiçi ýaşly (bir ýaşa çenli) çagalarda üsgülewük köplenç haýsy-da bolsa bir kiçi göwrümli tagamy agzyna salyp, gyssagly ýuwdunanda ýüze çykýar. Üsgülewügiň döreýiş täsiriniň dürli bolşy ýaly, onuň ýüze çykyşy, ondan saplanmagyň ýollary hem dürlüdir. Üsgülewük köplenç dem alyş ulgamynda ýygnanan gakylygy, nemli bardany daşyna çykarmak üçin hem döreýär. Bular ýaly üsgülewük dowamly bolsa hökman lukmana ýüz tutmaly. Üsgülewük adatça uzak dowam etmeýär, aýratyn hem, çagalaryň gakylyk çykarmasy bilen gutarýar. Üsgülewügiň bu görnüşinden soň çaganyň ýagdaýy ýeňilleşýär, dem almasy erkinleşýär. Eger-de üsgülewük nerw dartgynlylygy bilen bagly bolsa, ýagny, çaga çendenaşa tolgunanda ýüze çyksa, ilkinji nobatda, çaga suw hödürlemeli we onuň ünsüni başga bir zada sowmaly. Eger-de kiçi ýaşly (bir ýaşa çenli) çaganyň üsgülewügi del zadyň düşmegi bilen bagly bolsa, haýal etmän onuň ýeňsesine çalaja kakmaly. Ol dowamly köp gaýtalansa, onda hökman lukmana ýüz tutmaly. Allergiýa kesellerinde ýüze çy

Bar zadyň sakasy saglyk

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynda saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlaryň ösüşi möhüm orun eýeleýär. Köp ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden milli Liderimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlady. Onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ýokary halkara ölçegleriniň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini has-da ýokarlandyrdy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm pudagyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu bolsa adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär. Biz şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabyny ýazandygyny bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň bu

Size saglyk ýaran bolsun!

Öýden daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtügini dakynyň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Sagdyn durmuşyň kadalary

Il saglygy — ýurt baýlygy

Balyň saglyga peýdasy Ary baly dünýäde giňişleýin ulanylýan süýji önümiň biridir. Ary balyndaky glýukoza bedeni diňe energiýa bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, bagyrdaky glikogeniň mukdaryny hem artdyrýar. Bu bolsa, belli bir derejede, bagryň zyýansyzlandyryjy işjeňligini güýçlendirýär. Emma ary baly köp mukdarda iýilse, bagryň işjeňligini peseldip bilýär. Häzirki wagtda ary balynda 60-dan gowrak maddanyň saklanýandygy anyklanylandyr. Ary balynyň peýdalylygy, güýçlüligi onuň haýsy ýerde nähili howa şertlerindedigine baglydyr.