Döwrüň talabyndan ugur alyp

24 Fewral 2021
801

Ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň guramagynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 5-nji, 20-nji, 86-njy we başga-da birnäçe orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriniň öňüni almak we olardan goranmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek we elleri arassa saklamak, edep-terbiýe, howpsuz 2 metr araçägi saklamak we agyz-burun örtüklerini ulanmagyň düzgünleri, bedenterbiýe we sportuň adam saglygyna peýdasy barada durlup geçildi. Çärä TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň 2-nji bölüminiň we Jenaýat agtaryş müdirliginiň 6-njy bölüminiň wekilleri hem-de mekdep müdirleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar döwletimiziň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil, daşary ýurt dillerini bilýän, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän, halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýörite habarçymyz.