Wagyz-nesihat edildi

25 Fewral 2021
849

«Tejenkarbamid» zawodynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen şäher Geňeşiniň hem-de şäheriň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Sagdyn durmuş ýörelgeleri üstünligiň açarydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize ornaşdyrmak, adam saglygy üçin zyýanly serişdeleriň we ýaramaz endikleriň garşysyna barlyşyksyz göreşmek, şeýle-de howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, şahsy gigiýena-arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna zawodyň işçi-hünärmenleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

Duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda alnyp barylýan nusgalyk işler dogrusynda durup geçdiler hem-de jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, nesil terbiýesine zyýan ýetirýän ýaramaz endikleri aradan aýyrmagyň we bu ugurda nogsanlyklaryň ýüze çykmazlygyny gazanmagyň zerurdygyny bellediler. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylara saglygyňy goramak, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklamak boýunça degerli maslahatlar berildi.

Oguljennet ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen şäher Geňeşiniň işgäri.