Düzgünleri berjaý ediň!

25 Fewral 2021
948

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda her bir çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde akylly, düşünjeli, giň gözýetimli, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilendir. Munuň özi ýaş nesil hakyndaky aladanyň olaryň goraglylygyny üpjün edýändigine güwä geçýär. Çaganyň dogry iýmitlenmegini, arassa we rahat ýaşamagyny, ylym-bilimi yhlas bilen öwrenmegini, howpsuz, oňaýly şertlerde oýnamagyny, dynç almagyny, akyl zähmetini fiziki zähmet bilen utgaşdyrmagyny, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny üpjün etmeli. Eşretli geljegi bolan ýaş nesillerimizi ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly, watançylyk ruhunda terbiýelemek ulularyň paýyna düşýär.

Okuw we dynç alyş şertleriniň dogry utgaşdyrylmagy okuwçynyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine ýardam edýär, höwesini artdyrýar, sapaklaryny özleşdirmäge itergi berýär. Çagalaryň ençeme sagatlap kompýuterlere, smartfonlara we planşetlere güýmenmekleri peýdaly däldir. Munuň özi hereketsiz durmuşa, görşüň peselmegine we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirýär. Kompýuterde dowamly işlenende oturylyp ýerine ýetirilýän islendik bir işde bolşy ýaly, beden üýtgewsiz ýagdaýda saklanýar. Bu bolsa köplenç beýnä, nerw ulgamyna, psihika erbet täsirini ýetirip bilýär, görüş ulgamyna artykmaç agram düşýär, oňurga we käbir myşsalar toparyna uly durnukly agramyň düşmegine, el-aýaklarda, çanaklyk töwereginde ganaýlanyşyň bozulmagyna getirýär. Hereketsizlik bolsa dürli ýokanç we ýokanç däl kesellere sezewar edip bilýär.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.