Saglyk — tebigat bilen sazlasyk

26 Fewral 2021
999

Her paslyň özüne mahsus gözellikleri we aýratynlyklary bar. Adamyň bedeni pasyllaryň çalşygynda şol paslyň aýratynlyklaryna uýgunlaşmaga başlaýar. Bu hadysa immun ulgamyna, madda çalşygyna täsir edýär. Bedenimizi täze howa şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin biz sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmelidiris.

Gyş paslynda adamyň bedeni suwuk tagamlary az talap edýär, ýokumly tagamlary köp iýmeli bolýar, ol iýmitler bedende energiýa öwrülýär, bu energiýa bolsa bedeniň ýylylygyny üpjün edýär. Ýokumly tagamlara et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge, şeýle hem noýbaly el unaşy, mäşgarma ýaly dürli milli tagamlarymyz degişlidir. Gyş paslynda limonly, itburunly, bally çaý adamlaryň isleg bildirip içýän esasy tagamlarynyň biridir. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlar bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp içmelidir.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri