"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Kadaly iýmitlenmek —esasy şert

Saglygy goramak üçin kadaly iýmitlenmek, ýagny, iýmiti diňe ajygan wagtyňda iýmeklik esasy şertleriň biridir. Ajykmadyk wagtyňda doly iýip-içmek birnäçe dertleriň döremegine getirip biler. Sebäbi artykmaç iýmit süňňüňde ýaga öwrülip galýar, ol bolsa damarlary gysýar we kadaly gan aýlanmasyna päsgel berýär. Naharyň gyzgynyny sowuk zatlar bilen, süýjüsini turşusy bilen, ýaglysyny duzlusy bilen garyşdyryp naharlanmak saglyk üçin peýdalydyr. Elmydama şol bir nahary iýmeklige endik etmeli däl. Öňüňizde goýlan iýmitiň ählisi boýdan-başa ýagly bolsa, ol saglyga zyýan ýetirýär. Dürli-dümen iýmitleri köp peýdalanmak gylyk-häsiýetiň, durkuň üýtgemegine täsir edýär. Aşa köp iýmedik ýagdaýyňda süýji zatlar saglyk üçin has ähmiýetli.

Lukman maslahat berýär

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Asgyranyňyzda we üsgüreniňizde agzyňyzy elýaglyk bilen ýapyň. Ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýnadyň we ütükläň. Üsgürýän, asgyrýan adamlardan gaça duruň. Aralyk 2 metrden az bolmaly däl.

Döwletliligiň girewi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň miweleridir. Ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda döwleti dolandyrmagyň üç sütüni barada durup geçýär. Olaryň biri-de «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýermek bilen amala aşyrylýan beýik işlerdir. Ýurdumyzda saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Türkmenabat şäherinde-de sebitde iň iri lukmançylyk merkezi bolan, dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan welaýat köpugurly hassahanasynyň hem-de ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi hemmämizi begendirdi.

Gök önümler — saglygyň girewi

Gök önümler düzümi boýunça ýokumly maddalara baý bolansoň, dürli kesellerden goranmaga ýardam edýär, esasan-da, bedeniň howply çiş kesellerine, süýji kesele garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyryp, immun ulgamyny berkitmekde örän peýdalydyr. Gök önümler bedende tiz özleşýär. Bazarlarymyzdaky islendik gök önümi alyp görenimizde olaryň düzümi uglewodlara, organiki turşulyklara, şekere we biologiki işjeň maddalara, ýagny A, B, C, PP witaminlere örän baýdyr. Gök önümler yzygiderli ulanylan ýagdaýynda ýürek-damar, içege keselleriniň öňüni almakda, ganazlykda, ýokary turşulygy peseltmekde, alyş-çalyş kadalary bozulanda we üsgülewükde bejergi serişdesi hökmünde ulanylýar. Güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän gök önümler ynsan saglygy üçin ýokumlylygy bilen uly ähmiýete eýedir. Kaloriýasynyň pesligi sebäpli gök önümleri islendik wagtda islege görä iýip bolýar. Saglyk üçin zerur bolan gök önümleriň käbiriniň düzümi, onuň peýdaly tarapy hakynda bilmek has gyzyklydyr.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Adam saglygy hakdaky alada

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda milli hukuk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Şeýlelik bilen, Türkmenistanda adam baradaky alada, onuň saglygynyň hemmetaraplaýyn goralmagy, howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy ilkinji orunda durýar we ileri tutulýar. Bu bolsa, öz gezeginde, demokratiýanyň ösdürilmegi we döwletimiziň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, adamyň saglygyny goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Adamlaryň saglygyny goramak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy baradaky garaýyş «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Adamlaryň saglygyny goramak meseleleri döwletimiziň we dünýä lukmançylygynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Halkymyzyň saglygyny goramak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm we ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ýurdumyzda

Lukmanyň maslahaty

MÖWSÜMLEÝIN ÝITI RESPIRATOR KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI Ýiti respirator wirusly keseller adam bedeniniň ýokarky dem alyş agzalarynyň, agyz-burun boşluklarynyň, bokurdagyň ýiti sowuklamasy bilen häsiýetlendirilýär. Ýiti respirator wirusly ýokançlar islendik adama ýokuşyp, sagdyn adama syrkawdan, seýrek ýagdaýlarda ýokanjy göterijilerden geçip bilýär.

Saglygyň açary — arassaçylyk

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usuly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýar, ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem, hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň, elleri sabyn bilen ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň döremegi ähtimal. Bu keselleriň hataryna ýiti iýmit zäherlenmeleri, içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Elleriň iki tarapyny hem barmaklaryň aralary bilen akar suwuň aşagynda sabynlap, azyndan 20 sekuntlap gowy edip ýuwmaly. Gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptik görnüşlerini ulanmak has netijelidir.

Saglyk — jemgyýetiň berklik sütüni

Asuda Watanymyzyň gujagynda eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň beden sagdynlygyny has-da berkitmek üçin yzygiderli aladalanýan mähriban Arkadagymyz: «Saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýýär. Çuňňur mana ýugrulan bu jümleden milli jemgyýetimiziň berklik sütüniniň barha pugtalanmagyna her bir watandaşymyzyň sagdyn durmuşynyň oňyn täsirini ýetirýändigi baradaky parasady duýmak kyn däl. Şony duýaňsoň bolsa, hormatly Prezidentimiziň öz raýatlarynyň beden hem ruhy taýdan sagdynlygyny berkitmek ugrunda alyp barýan köpugurly işleriniň, nusgalyk göreldesiniň näderejede ähmiýetlidigine has töwerekleýin göz ýetirip bolýar. Çünki Gahryman Arkadagymyz halkyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek bilen, jemgyýetimiziň sagdynlygyny berkidýär.

Kädi köp derdiň dermany

Türkmeniň bereketli topragy dermanlyk häsiýetli ösümliklere juda baý. Şolaryň biri-de kädidir. Halkymyz kädiniň dermanlyk häsiýetine ir döwürlerden bäri düşünip gelipdirler. Kädi iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Awgust-sentýabr aýlarynda bolsa hasyl berýär. Kädini güýz we gyş aýlarynda iýmek has-da peýdalydyr. Ylmy barlaglar kädiniň düzüminiň adam bedeni üçin zerur bolan peýdaly maddalara juda baýdygyny tassyklaýar. Onuň etlek böleginde peýdaly maddalar ýagny, karotin, folasin, B toparyň witaminlerine girýän B1, B2, B6 witaminleri, mineral maddalar bolan kremniý, kaliý, magniý, natriý, demir we beýlekiler örän köpdür.

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň!

Bagtyýar, parahat durmuşyň eşretini görüp ýaşaýan halkymyzyň saglygy barada uly tagalla edip, aýdyň geljege tarap öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi barha ýokarlanýar. Saglyk öýlerinde zähmet çekýän lukmanlar ähli edara-kärhanalarda we orta mekdeplerde sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň oňaýly täsirleri barada wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Häzirki wagtda howanyň düzüminde zyýanly tozanjyklaryň agdyklyk edýändigi tassyklanyldy. Bu bolsa adamyň saglygy, aýratyn-da dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar. Her bir adam şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Günüň dowamynda birnäçe gezek elleriňizi sabynlap ýuwmagy, üst-başyňy, eşigiňi arassa saklamagy we möwsüme görä geýinmegi endik edinmeli. El arassalaýjy serişdäni ulanýan bolsaňyz, ony elleriňiziň hemme ýerlerine çalandygyňyza, elleriňiz guraýança olary bir-birine sürtendigiňize göz ýetiriň. Köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň.

Gök otlaryň peýdasy

Ýylyň ähli paslynda bolşy ýaly, şu ýaz günlerinde hem miwedir gök önümleri, naharyň ýany bilen gök otlary iýmek saglyga örän peýdalydyr. Gök otlar işdäňi açýar, süňňüňi gurplandyrýar. Olaryň düzüminde ynsan saglygyna zerur maddalar saklanýar. Allergik täsiriniň ýoklugy sebäpli, ter gök otlar çagalar üçin hem peýdalydyr. Olaryň bary-ýogy 3 — 5 gramy çaganyň süňňüni mikroelementleriň gündelik zerur mukdary bilen doly üpjün edip biler. Aşpezler reýhany naharlaryň we işdäaçarlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly ter, gök otlaryň hatarynda goýýarlar. Onuň bejeriji we deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy häsiýeti gadym eýýamlardan bäri mälimdir. Reýhan B1 we B2 görnüşli ýokumlaryň, rutiniň, efir ýagynyň, saponinleriň çeşmesidir. Reýhan ganaýlanyşynyň işjeňligini gowulandyrýar. Bu hoşboý ysly otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy dişagyryny köşeşdirýär. Reýhanyň düzüminde merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýan kamfora köpdür. A ýokumynyň deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrýandygy bellidir. Reýhanda bu ýokumyň sintezlenmegine gatnaşýan karotin bar. Reýhanyň düzümindäki efir ýagy we saponinler dem alşy gowulaşdyrýar, üsgülewügi aýyrýar. Reýhan işdäňi açýar, naharyň siňmegine ýardam edýär, immuniteti pugtalandyrýar.

Şygarymyz — sagdyn durmuş

Pederlerimizden miras bolup gelýän sagdynlygy, ruhubelentligi bagtyýar halkymyz bu günki gün özüniň mizemez durmuş ýörelgesine öwürdi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu durmuş ýörelgeleri has-da kämilleşdi we belentlige göterildi. Berkarar ýurdumyzda raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek ýaly ýörelgeler yzygiderli ösdürilýär. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlarynyň öz saglygy barada alada etmegi, döwlet tarapyndan öz saglyklaryna bolan hukugyny amala aşyrmak üçin ýaşaýyş-durmuş, zähmet, medeni-ykdysady, bedenterbiýe-sport taýdan ähli mümkinçilikler döredilen. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamak, dogry iýmitlenmek, mydama hereketde bolamak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak saglygy goramakda uly ähmiýete eýedir. Bir maksada — berkarar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna gönükdirilýän çäreler oňyn netijesini berýär. Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň işgärleri tarapyndan hem edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, raýatlar bilen olaryň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keseller

Maşklaryň adam bedenine peýdasy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen zyýanly endiklere garşy alnyp barylýan aýgytly göreş halkymyzyň genofonduny gorap saklamaga, jemgyýetiň durmuş-ruhy sagdynlygyny kemala getirmäge we adamyň baş baýlygyny — saglygyny gorap saklamaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşynyň kadasyna öwürýän, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň sany barha artýar. Sport adamyň beden hem ruhy synalaryny taplaýar, saglygyny pugtalandyrýar, dem alyş, ýürek-damar hem hereket ediş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda ýerine ýetirilýän beden maşklary synalarda dörän keselçilik alamatlarynyň ötüşmeginiň öňüni almaga ýardam edýär, ömrüňi uzaldýar. Üstesine-de, sport maşklary adamyň göwnüni göterýär, özi bilen pikirdeş adamlar bilen dostlaşdyrýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiz saglyk barada: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr. Şoňa görä-de Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmagy, sporty ösdürmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi baş maksadymyz hökmünde öňe sürýäris» diýip jaýdar belleýär. Ýurt Baştutanymyzyň döwletimiz boýunça alyp barýan saglyk bähbitli işleri muny aňryýany bilen tassyklaýar. Milli Liderimiziň ýerlikli belleýşi ýaly, lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, bu ulgama innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini gazanmak, aýratyn hem, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak babatda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny gorap saklamak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda düýpli netijeler gazanylýar. 2020-nji ýylda Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 25 ýyl doldy. Şol geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem-de paýtagtymyz Aşgabatda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän hassahanalaryň, ylmy-kliniki merkezleriň, ýokary amatlykly şypahanalaryň birnäçesi guruldy. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukmanyň maslahaty

Agyz-burun örtükleriniElmydama dakyp geziň!Tämizligi berjaý etseň,Bolar janyňyza hezil.

Kadaly we dogry iýmitlenmek

Adam bedeniniň sagat bolmagy üçin esasy zatlarynyň biri-de kadaly we dogry iýmitlenmekdir. Kadaly iýmitlenmek — sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy düzümi. Adam dogry iýmitlenmegi netijesinde onuň saglygy berkäp, beden fiziki taýdan taplanýar. Gije-gündiziň dowamynda kabul edilýän iýmitiň üsti bilen bedene zerur önümler ýetmese, bedeniň ösüşi, madda çalşygynyň ugurlarynyň işi bozulýar. Kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin kabul edilýän iýmite aýratyn üns berilmeli, sagdyn iýmit düzümi düzülmeli. Miwe we gök önümlerini köpräk iýmeli, witamine baý bolan iýmitleri hem yzygiderli kabul etmeli.

Arassaçylygy berjaý ediň!

■ Öý we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejirediň, penjireleri açyp, howasyny çalşyň! ■ Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda gowy sabynlap ýuwup duruň!

Saglyk size ýaran bolsun!

Agyz-burun örtügini dakynmaly. Bir gezeklik ulanylýan agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalyşmaly. Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda hökman burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly.