Kadaly iýmitlenmek —esasy şert

14 Aprel 2021
1162

Saglygy goramak üçin kadaly iýmitlenmek, ýagny, iýmiti diňe ajygan wagtyňda iýmeklik esasy şertleriň biridir. Ajykmadyk wagtyňda doly iýip-içmek birnäçe dertleriň döremegine getirip biler. Sebäbi artykmaç iýmit süňňüňde ýaga öwrülip galýar, ol bolsa damarlary gysýar we kadaly gan aýlanmasyna päsgel berýär.

Naharyň gyzgynyny sowuk zatlar bilen, süýjüsini turşusy bilen, ýaglysyny duzlusy bilen garyşdyryp naharlanmak saglyk üçin peýdalydyr. Elmydama şol bir nahary iýmeklige endik etmeli däl. Öňüňizde goýlan iýmitiň ählisi boýdan-başa ýagly bolsa, ol saglyga zyýan ýetirýär. Dürli-dümen iýmitleri köp peýdalanmak gylyk-häsiýetiň, durkuň üýtgemegine täsir edýär. Aşa köp iýmedik ýagdaýyňda süýji zatlar saglyk üçin has ähmiýetli.

Akmaýa ŞIRIÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.