Döwletliligiň girewi

14 Aprel 2021
895

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň miweleridir.

Ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda döwleti dolandyrmagyň üç sütüni barada durup geçýär. Olaryň biri-de «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýermek bilen amala aşyrylýan beýik işlerdir. Ýurdumyzda saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Türkmenabat şäherinde-de sebitde iň iri lukmançylyk merkezi bolan, dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan welaýat köpugurly hassahanasynyň hem-de ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi hemmämizi begendirdi.

Artykmyrat BAÝMYRADOW,
Dänew etrap hassahanasynyň hünärmeni.