Gök önümler — saglygyň girewi

14 Aprel 2021
1500

Gök önümler düzümi boýunça ýokumly maddalara baý bolansoň, dürli kesellerden goranmaga ýardam edýär, esasan-da, bedeniň howply çiş kesellerine, süýji kesele garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyryp, immun ulgamyny berkitmekde örän peýdalydyr. Gök önümler bedende tiz özleşýär. Bazarlarymyzdaky islendik gök önümi alyp görenimizde olaryň düzümi uglewodlara, organiki turşulyklara, şekere we biologiki işjeň maddalara, ýagny A, B, C, PP witaminlere örän baýdyr.

Gök önümler yzygiderli ulanylan ýagdaýynda ýürek-damar, içege keselleriniň öňüni almakda, ganazlykda, ýokary turşulygy peseltmekde, alyş-çalyş kadalary bozulanda we üsgülewükde bejergi serişdesi hökmünde ulanylýar. Güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän gök önümler ynsan saglygy üçin ýokumlylygy bilen uly ähmiýete eýedir. Kaloriýasynyň pesligi sebäpli gök önümleri islendik wagtda islege görä iýip bolýar. Saglyk üçin zerur bolan gök önümleriň käbiriniň düzümi, onuň peýdaly tarapy hakynda bilmek has gyzyklydyr.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.