Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň!

13 Aprel 2021
1175

Bagtyýar, parahat durmuşyň eşretini görüp ýaşaýan halkymyzyň saglygy barada uly tagalla edip, aýdyň geljege tarap öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi barha ýokarlanýar. Saglyk öýlerinde zähmet çekýän lukmanlar ähli edara-kärhanalarda we orta mekdeplerde sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň oňaýly täsirleri barada wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

Häzirki wagtda howanyň düzüminde zyýanly tozanjyklaryň agdyklyk edýändigi tassyklanyldy. Bu bolsa adamyň saglygy, aýratyn-da dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar. Her bir adam şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Günüň dowamynda birnäçe gezek elleriňizi sabynlap ýuwmagy, üst-başyňy, eşigiňi arassa saklamagy we möwsüme görä geýinmegi endik edinmeli. El arassalaýjy serişdäni ulanýan bolsaňyz, ony elleriňiziň hemme ýerlerine çalandygyňyza, elleriňiz guraýança olary bir-birine sürtendigiňize göz ýetiriň. Köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň.

Maral KERIMOWA,
Merkezi Bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň funksional anyklaýyş lukmany.