Ýiti respirator kesellerden goranalyň!
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde, ilatyň saglygyny goramak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ägirt uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu ugurda teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallaryň sahypalarynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kada-kanunlary, arassaçylyk düzgünleri, möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almak üçin saglyga degişli ýörite peýdaly maslahatlar berlip, olar ilatymyza giňden düşündirilýär, wagyz-nesihat edilýär. Jemgyýetçilik ýerlerinde, edara-kärhanalarda öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Bu işler hem öz oňyn netijelerini berýär. Her bir paslyň belli bir derejede saglyga edýän täsiri bolýar. Ýiti respirator keseller pasyllaryň çalyşýan sepgidinde has-da köp duşýar. Keseli dörediji wiruslar bolsa-da, bakteriýalar hem goşulyp, agyr gaýraüzülmelere getirip bilýär. Olar, esasan-da, näsag adamdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar. Keseliň alamatlary — üsgülewük, asgyrma, bokurdagyň agyrmagy, ysytma, kellagyry we bedeniň gowşamagy. Şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.