Şugundyryň peýdasy

22 Aprel 2021
1079

Gün nuruny bolluk bilen eçilensoň, sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň arasynda derde derman häsiýetlisi köpdür. Gazetimiziň şu sanynda peýdaly ösümlik bolan şugundyryň peýdasy hakynda okyjylarymyza gürrüň bermegi makul bildik.

— Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy bezeýän şugundyryň adamyň saglygy üçin peýdasy köpdür. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnagyň, saçyň berk we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär.

(Ýörite habarçymyz).