Ýiti respirator kesellerden goranalyň!

23 Aprel 2021
985

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde, ilatyň saglygyny goramak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ägirt uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu ugurda teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallaryň sahypalarynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kada-kanunlary, arassaçylyk düzgünleri, möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almak üçin saglyga degişli ýörite peýdaly maslahatlar berlip, olar ilatymyza giňden düşündirilýär, wagyz-nesihat edilýär. Jemgyýetçilik ýerlerinde, edara-kärhanalarda öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Bu işler hem öz oňyn netijelerini berýär.

Her bir paslyň belli bir derejede saglyga edýän täsiri bolýar. Ýiti respirator keseller pasyllaryň çalyşýan sepgidinde has-da köp duşýar. Keseli dörediji wiruslar bolsa-da, bakteriýalar hem goşulyp, agyr gaýraüzülmelere getirip bilýär. Olar, esasan-da, näsag adamdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar. Keseliň alamatlary — üsgülewük, asgyrma, bokurdagyň agyrmagy, ysytma, kellagyry we bedeniň gowşamagy. Şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.