Müň dürli derdiň dermany

21 Aprel 2021
1571

Hormatly Prezidentimiziň halk lukmançylygynyň altyn hazynasyny halkymyza ýetirmek maksady bilen ýazan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi diňe bir halk lukmançylygynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi. Bu bolsa türkmen topragynyň ösümlikler dünýäsiniň melhemlik häsiýetiniň örän ýokarydygyny äleme äşgär etdi.

Geçmişde meşhur tebipler dermanlyk ösümlikleri dertleriň öňüni almakda, saglygy dikeltmekde em hökmünde işjeň ulanyp, halk lukmançylygynyň esasy ugruna öwürmegi başarypdyrlar. Bejeriş tärleriniň gizlin syrlary asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, kämilleşdirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Taňrynyň nazary düşen türkmen topragynyň asty hem, üsti hem hazynadyr. Türkmenistanda dermanlyk häsiýetine irki döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berlen ösümlikleriň biri-de pissedir. Ýurdumyzyň günortasynda Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda ýerleşýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasy gözelligi, howasy jana tenekärligi, ösümlik dünýäsine baýlygy bilen tapawutlanýar. Ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolan Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda pisse tokaýlygynyň içinde has köp ýaşan pisse agajy bar. Bu pisse agajy beýleki agaçlar ýaly hasyl bermese-de, ýylyň-ýylyna öz ýaşyl ýapraklarynyň terligini saklap gelýär. Gojaman pissäniň ýaşyny hiç kim anyk bilmese-de, alymlar onuň ýaşynyň 800 ýyldan hem geçendigini çaklaýarlar.

Muhammetberdi PIRIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.