Sarymsak — serim sag

22 Aprel 2021
1092

Sarymsagy adamlar gadymy döwürlerden iýmit hem-de derman hökmünde ulanyp gelipdirler. Sarymsagyň mekany Aziýa hasaplanýar. Bu ösümligiň, baryp mundan dört müň ýyl öň Merkezi Aziýada, Eýranda, Pakistanda ösdürilip ýetişdirilendigi barada maglumatlar bar. Ol gadymy müsürlileriň gündelik iýmitinde hökman bolupdyr. Faraon Tutanhamonyň kümmetini gazanlarynda sarymsagyň dişleriniň tapylmagy hem bu ösümlige şeýle uly baha berlendiginiň subutnamasydyr. Hindiler, greklerdir rimliler gadymyýetden bäri sarymsagy derman hökmünde ulansalar-da, ýiti ysy sebäpli, ony iýmitlerine goşmandyrlar. Ýöne biziň eýýamymyzyň başynda sarymsak Ýewropanyň, Aziýanyň ähli halklarynyň aşhanasynyň esasy önümleriniň birine öwrülipdir.

Sarymsagyň ýiti ysyna garamazdan, şeýle gowy görülmegi onuň adam bedenine ähli taraplaýyn diýen ýaly goldaw bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ol aşgazanyň işleýşini kadalaşdyrýar, içegeleri arassalamaga ýardam berýär, aşgazan suwunyň bölünip çykmagyny sazlaýar. Bu bolsa iýmit siňdirilişiniň gowulanmagyna ýardam edýär. Immun ulgamyny berkidýändigi sarymsagyň esasy aýratynlygydyr. Sowuklamada, damakda agyry bolanda, dem alyş ýollarynyň ýokanç kesellerinde, dümewde sarymsak siziň ynamdar ýardamçyňyz bolup biler. Sarymsagyň ýene bir gymmatly tarapy — ýürek-damar ulgamyny sagdynlaşdyrýar. Düzüminde allisiniň bardygy sebäpli, sarymsak düwnük keseliniň ýüze çykmagynyň we onuň güýjemeginiň öňüni alýar. Bu ösümligi ir döwürlerden bäri halk tebipçiliginde bagry, öt haltasyny bejermekde-de giňden ulanypdyrlar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Eziz ÇARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.