"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sport

Basketbolçylarymyzyň ýeňşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, sport ulgamyna hem uly üns berilýär. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebinde sportuň futbol, basketbol, ýeňil atletika, grek-rim göreşi, erkin göreş, kikboksing, çeper gimnastika, suwda pökgi oýnamak, taekwon-do ITF görnüşleri boýunça türgenleriň onlarçasy tälim alýar. Sportuň basketbol görnüşi boýunça tälimçi-mugallym Ahmet Ýusupowyň tälimçilik etmeginde onuň türgenleri hem ýaryşlarda şowly çykyş edýärler.

Sport

Welaýatyň çempionaty geçirildi Ýakynda Baýramaly etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde sportuň hapkido görnüşi boýunça Mary welaýatynyň çempionaty geçirildi. Oňa Mary, Baýramaly şäherlerinden, Mary, Baýramaly, Ýolöten, Wekilbazar etraplaryndan 100-den gowrak türgenler gatnaşdylar. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda geçirilen ýaryşda türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Iň güýçli düzzümçiler anyklanyldy

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda düzzüm boýunça welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Birinjilige Türkmenabat şäherinden, Çärjew we Kerki etraplaryndan türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Şahsy görnüşde geçirilen ýaryşda gyzlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçysy D.Jumaniýazowa iň ýokary netijäni gazandy. Şol mekdepden S.Maşaripowanyň ikinji orny eýelän ýaryşynda Saýat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy S.Arslanowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Körpe şaşkaçylaryň ýaryşynda

Ýakynda 64 öýjükli şaşka boýunça 8 ― 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Dänew we Darganata etraplaryndan 50-den gowrak türgen gatnaşdy. 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Dänew etrabyndan gelen Ramazan Nowruzow hemmelerden öňe saýlanmagy başardy. Türkmenabatly çagalar Rahman Karýagdyýew bilen Dawut Rozykulyýew bolsa ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” atly sport bäsleşikleriniň çägindäki bu ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Onuň netijesinde okuwçy gyzlaryň arasynda 16-njy, 1-nji, ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepleriň toparlary degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Okuwçy oglanlaryň arasyndaky ýaryşda 1-nji orta mekdebiň topary birinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldular.

Ar­ka­dag şä­he­ri — sport şäheri

«7/24. tm» №10 (197), 04.03.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da ylym, bi­lim, sport ul­ga­myn­da uly sep­git­le­re ýe­til­ýär. Be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hal­ka­ra ser­gi­le­riň, yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ryň, hal­ka­ra iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di.

Üstünlikli tamamlanan wo­leý­bol ýa­ry­şy

«7/24. tm» №10 (197), 04.03.2024 2008 — 2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da dog­lan mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ne­sil­le­ri» at­ly sport ýa­ryş­la­ry­nyň çäk­le­rin­de gu­ra­lan wo­leý­bol bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ta­mam­lan­dy. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň og­lan­lar we gyz­lar to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len wo­leý­bol ýar­yşyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň mek­dep okuw­çy­la­ry öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24. tm» № 10 (197), 04.03.2024 Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny «Ar­ka­dag» fut­bol klu­by Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň çem­pio­ny «Ab­dyş-Ata» to­pa­ry bi­len ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di.

Geljegiň oýunlary

«7/24. tm» № 10 (197), 04.03.2024 2024-nji ýy­lyň 21-nji few­ra­lyn­dan 3-nji mar­ty­na çen­li ara­lyk­da Ka­zan şä­he­rin­de do­wam eden «Gel­je­giň oýun­la­ry» at­ly hal­ka­ra sport ýa­ry­şy üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy. Ka­zan şä­he­rin­de bu iri sport ýa­ry­şy­nyň ýap­ylyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­lip, ol uly şow­hu­na bes­len­di.

Fut­bol­da gök duý­du­ryş pe­tek­le­ri ha­çan ula­ny­lyp baş­la­nar?

«7/24. tm» № 10 (197), 04.03.2024 Hal­ka­ra fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň met­bu­gat gul­lu­gy fut­bo­la gök pe­tek­le­riň gi­ri­zil­me­gi ha­kyn­da ha­bar­la­ry wag­tyn­dan ir ber­len ha­bar­lar di­ýip ha­sap­la­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Fut­bol as­so­sia­si­ýa­la­ry­nyň hal­ka­ra ge­ňe­şi (IFAB) oý­na gök pe­tek­le­ri gi­riz­mek is­le­ýär, şeý­le duý­du­ryş alan oýun­çy­la­ra 10 mi­nut­lyk oýun­dan çy­ka­ryl­mak ar­ka­ly çä­re gö­rül­ýär. Ha­bar ber­li­şi­ne gö­rä, 9-njy few­ral­da gök pe­tek­le­ri ýa­ryş­lar­da sy­nag edip gör­mek ka­ra­ry­na ge­lin­di. Il­ki­ba­da olar ze­nan­la­ryň we ýaş­la­ryň fut­bol oýun­la­ryn­da, şeý­le hem pes li­ga­lar­da ula­ny­lar.

Paýtagtyň açyk birinjiligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin meşgullanyp, uly üstünlikleri gazanýarlar. 26-27-nji fewralda sport gimnastikasy, akrobatika we batutda bökmek boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 7-nji sport mekdebinde guralan bäsleşige 2006-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň 70-den gowragy gatnaşdy.

Pähim-paýhas bäsleşigi

26-njy fewralda Daşogzuň 4-nji sport mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň duşuşyklary tamamlandy. Şweýsar usulyndaky ýaryşlar 11 tapgyrda geçirildi. Oňa 56 küştçi gatnaşdy. Ýurdumyzyň iň abraýly ýaryşlarynyň biri hasaplanylýan bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Allaýar Şirliýew (FIDE/Elo reýtingi — 2111) ýeňiji boldy. Ol 11 utukdan 9-syny gazandy. Toplan utuklarynyň sany Allaýaryňky bilen deň bolan Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň Daşoguz şäherinden bolan tälimçisi Şahruh Turaýew (reýtingi – 2183) ikinji orny eýeledi. Ol diňe goşmaça görkezijileri boýunça Allaýardan yza galdy.

Saýlama ýaryşyň bosagasynda

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwrebap başlangyçlary bilen başlanan sporty ösdürmek, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ajaýyp şertleri döretmek boýunça uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň türgenleriniň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy we üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanmagy boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Çekeleşikli tutluşyklar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça dürli derejeli ýaryşlary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ine, ýakynda bu ýerde kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji tapgyry tamamlandy. Çekeleşikli pursatlary özünde jemlän ýaryşda ýer eýeleriniň — ýokary okuw mekdebimiziň talyp pälwanlarynyň ikisi hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy. 66 kg agramda Döwlet Hemrakulyýew, 73 kg agramda Ilýas Muhammedow ýeňiji boldular.

Mekdep okuwçysynyň medaly

22 — 25-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Fujeýra şäherinde geçirilen «Karate 1 — Ýaşlaryň ligasy» halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 25 türgen çykyş etdi. Bäsleşige 78 döwletden 2000-den gowrak türgen gatnaşdy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew kumite boýunça 52 kg agramda çykyş edip, bürünç medala eýe boldy. Ol birinji duşuşygynda Gazagystan Respublikasynyň türgenini ýeňip, ikinji duşuşykda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilinden asgyn geldi. Gurbannazar üçünji duşuşykda Hindistan Respublikasynyň, dördünji duşuşykda Iordaniýa döwletiniň, bäşinji duşuşykda Müsür Arap Respublikasynyň, altynjy duşuşykda bolsa Gazagystan Respublikasynyň türgenlerinden üstün çykdy.

Sportuň galkynýan döwri

Sport ýurdy hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýän eziz Diýarymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde has-da uly ösüşlere uzaýan ýoluň menzillerini ynamly külterleýär. Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan sport syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegi halkara derejesindäki üstünlikleriň, ajaýyp netijeleriň hem-de täze ýeňişleriň binýadyny emele getirýär. Bu ulgamyň hukuk binýadynyň hem berkden tutulandygyny bellemek gerek. Bu hakykat sportuň, bedenterbiýäniň hem-de köpçülikleýin sagaldyş hereketiniň özenini düzýän kanunlarda giňden beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe hem-de sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminama işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Watanymyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalardyr meýilnamalar bolsa şol resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ähmiýetli bölegidir.

Kämillik menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy babatda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Berk bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala gelmegi üçin köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa suw-sport toplumynda dürli ýaşdaky türgenler ykjam türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Bu ýerde ýaşlar milli ýaryşlar bilen birlikde, halkara ýaryşlara hem taýýarlanýarlar. Toplumda türgenleriň bedenlerini berkitmegi üçin goşmaça howuzlar hem göz öňünde tutulandyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän howuzlarda türgenleriň arasyndaky ýaryşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Golaýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp ýaş türgenleriň arasynda suwda ýüzmegiň erkin usuly, brass, batterflýaý, arkanlaýyn ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça Aşgabadyň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşda Hezret Tejenow (Tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa), Kirill Sewumýan (tälimçisi Muhammet Annadurdyýew), Şazada Atageldiýew (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) dagy ýeňiş gazanmagy başardy. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sport mekdeplerinde

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2024-nji ýyl üçin senenama meýilnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda taýboks boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Halkara Uşu federasiýasynyň düzgünnamasy esasynda geçirilen bäsleşikde Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Lebap welaýatynyň topary 2-nji, Ahal welaýatynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň medallary gowşuryldy.

Futbol täzelikleri

BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Arkadag» topary Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Abdyş-Ata» topary bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümine taýýarlygyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren «Arkadag» toparynyň düzüminde D.Durdyýew bilen A.Annadurdyýew tapawutlandylar.

Çekeleşikli bäsleşikler

«Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň sport zalynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň guramagynda boks boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Olardan Ysmaýyl Orazmyradow (63,5 kg) we Söýünç Aşyrow (92 kg) 1-nji, Ylham Nazarow (75 kg) 2-nji, Şükürülla Annaýew (71 kg) 3-nji orunlara mynasyp boldular. Tapawutlanan türgenler Hormat hatlarydyr medallar bilen sylaglandylar.