Sport mekdeplerinde

1 Mart 2024
450

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2024-nji ýyl üçin senenama meýilnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda taýboks boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Halkara Uşu federasiýasynyň düzgünnamasy esasynda geçirilen bäsleşikde Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Lebap welaýatynyň topary 2-nji, Ahal welaýatynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň medallary gowşuryldy.