Çekeleşikli bäsleşikler

1 Mart 2024
328

«Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň sport zalynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň guramagynda boks boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Olardan Ysmaýyl Orazmyradow (63,5 kg) we Söýünç Aşyrow (92 kg) 1-nji, Ylham Nazarow (75 kg) 2-nji, Şükürülla Annaýew (71 kg) 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Tapawutlanan türgenler Hormat hatlarydyr medallar bilen sylaglandylar.

Rahym AGAÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň müdiri.