Sport

5 Mart 2024
432

Basketbolçylarymyzyň ýeňşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, sport ulgamyna hem uly üns berilýär. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebinde sportuň futbol, basketbol, ýeňil atletika, grek-rim göreşi, erkin göreş, kikboksing, çeper gimnastika, suwda pökgi oýnamak, taekwon-do ITF görnüşleri boýunça türgenleriň onlarçasy tälim alýar. Sportuň basketbol görnüşi boýunça tälimçi-mugallym Ahmet Ýusupowyň tälimçilik etmeginde onuň türgenleri hem ýaryşlarda şowly çykyş edýärler.