Pähim-paýhas bäsleşigi

2 Mart 2024
473

26-njy fewralda Daşogzuň 4-nji sport mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň duşuşyklary tamamlandy. Şweýsar usulyndaky ýaryşlar 11 tapgyrda geçirildi. Oňa 56 küştçi gatnaşdy. Ýurdumyzyň iň abraýly ýaryşlarynyň biri hasaplanylýan bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Allaýar Şirliýew (FIDE/Elo reýtingi — 2111) ýeňiji boldy. Ol 11 utukdan 9-syny gazandy.

Toplan utuklarynyň sany Allaýaryňky bilen deň bolan Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň Daşoguz şäherinden bolan tälimçisi Şahruh Turaýew (reýtingi – 2183) ikinji orny eýeledi. Ol diňe goşmaça görkezijileri boýunça Allaýardan yza galdy.

«Türkmen sporty».