"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Uniwersiadanyň çäginde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Golaýda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň çäginde guralan boks ýaryşy tamamlandy. Ringdäki bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.

Pälwanlar orta çykanda

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda 2007—2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň hem-de 2004 — 2006-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda kuraş boýunça Türkmenistanyň birinjilikleri, şeýle hem ulularyň arasyndaky ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Ýaryşy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Kuraş federasiýasy gurady. Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan oglan-gyzlaryň ýüzlerçesini bir ýere jemlän ýaryş dartgynly hem-de gyzykly tutluşyklara baý boldy.

Taryhda şu gün

Häzirki günlerde gyzgalaňly dowam edýän Italiýanyň «A Seriýasynda» öňdäki orny eýeleýän «Inter» futbol klubunyň döredilen güni şu gün bilen senelenýär. 1908-nji ýylyň 9-njy martynda Milan şäherinde täze toparyň döredilmegi şol döwürler netijeli çykyş eden «Milan» toparynyň ýolbaşçylarynyň düzümlerine daşary ýurtly oýunçylary çagyrmazlyklary bilen baglanyşdyrylýar. Toparyň bu ýörelgesine nägilelik bildiren janköýerler «Internasionale» futbol klubuny döredýärler.

Sport

Futbolçylaryň üstünligi Golaýda Murgap etrabyndaky sport desgasynda sportuň futbol görnüşi boýunça 2007 — 2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa welaýatymyzdan sekiz topar gatnaşdy. Ýaryş örän çekeleşikli we örän gyzykly geçdi.

Okuwçy gyzlar ýeňil atletikada güýç synanyşdylar

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasyndaky ýeňil atletika ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzlar gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylar 100 metr aralyga ylgaw, estafeta we uzynlygyna bökmek boýunça erjelligini görkezdiler. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda Kaka etrabyndan gelen okuwçy gyzlar üstün çykyp, toparlaýyn birinji orny eýelediler. Ikinji orna Babadaýhan etrabynyň topary, üçünji orna Ak bugdaý etrabynyň topary mynasyp boldular. Ýeňijilere hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Zenan bilim işgärleri şaşkada bäsleşdiler

Halkara zenanlar güni mynasybetli Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde bilim işgärleriniň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrabyň dürli ýerlerinden mekdep mugallymlary we çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdy. Zenanlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport-sagaldyş hereketine çekmek, şaşka boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle-de Halkara zenanlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen guralan ýaryşda etrapdaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy Arzygül Podarowa birinji, 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Gülşirin Gurbandurdyýewa ikinji, 26-njy orta mekdebiň mugallymy Jennet Ataýewa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.

«Inter» aratapawudy 15 utuga çykardy

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Je­noa­ny» Asl­la­ni hem-de San­çe­siň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Şol ha­sap bi­len soň­ky çem­pi­on «Na­po­li» hem «Ýu­wen­tu­sy» ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Na­po­li­niň» gol­la­ry­ny Kwa­ras­he­li­ýa bi­len Ras­pa­do­ri der­we­zä gi­riz­di. «Mi­lan» bol­sa «La­sio­ny» Oka­fo­ryň 88-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. «La­sio» to­pa­ryn­da 2-si soň­ky mi­nut­lar­da 3 oýun­çy gy­zyl kart al­dy. Mou­ri­nio­nyň ug­ra­dyl­ma­gyn­dan soň di­ňe 1 oýun­da utu­lan «Ro­ma» myh­man­çy­lyk­da «Mon­za­dan» 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Wa­len­si­ýa» bi­len du­şu­şyp, oý­nuň ahyr­ky pur­sat­la­ry dart­gyn­ly geç­di. Ýer eýe­le­rin­den Du­ro (27) we Ýa­rem­çu­gyň (30) yz­ly-yzy­na ge­çi­ren gol­la­ry­na mad­rid­li­ler Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň gol­la­ry bi­len jo­gap ber­di. Oý­nuň ahy­ryn­da Bel­lin­ga­myň ge­çi­ren go­lu­ny emin jür­le­wük­den soň der­we­zä gir­di di­ýip, ha­sa­ba al­ma­dy. Şol pur­sat­da ang­li­ýa­ly oýun­ça gy­zyl kart gör­ke­zil­di. «Rea­lyň» utuk ýi­ti­ren tap­gy­ryn­da «Ži­ro­na» myh­man­çy­lyk­da «Mal­ýor­ka­dan» 1–0 as­gyn gel­di, «Bar­se­lo­na» bol­sa Bil­bao­da «At­le­tik» bi­len gol­suz deň­me-deň oý­na­dy. Ser­lo­tyň het-trik eden du­şu­şy­gyn­da «Wil­ýar­re­al» «Gra­na

Sport bäsleşigi

Öňňin Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly estafeta bäsleşigi geçirildi. Oňa «akylly» şäheriň köp çagaly maşgalalary gatnaşdylar. Arkadag şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen bu sport bäsleşigi çekeleşikli boldy. Bäsleşikde ökdeler öňe saýlanyp, ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýeňijilere Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Öz käriniň ussady

Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinden welaýatymyzyň küştçüleriniň döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda altyn medallaryň birnäçesine eýe bolmaklary ýurdumyzyň gündogar sebitinde paýhas oýnunyň ösmegi ugrunda aladalanýan halypalaryň yhlasly zähmetiniň guwandyryjy netijeleridir. Küştçülerimiziň şeýle üstünliklere eýe bolmaklary üçin welaýatymyzyň küşt boýunça uly tälimçisi Güljahan Öwlýakulyýewa hem gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Güljahan mugallym indi 30 ýyla golaýlap barýan tälimçilik işinde küşt boýunça ýurdumyzyň çempionlarynyň birnäçesini ýetişdiren ussat tälimçi hökmünde tanalýar. Ol Wepaly Halynýazow, Jeren Ibragimowa, Jennet Durdyýewa, Kadyr Jumaýew ýaly halkara küşt ýaryşlarynyň birnäçesiniň ýeňijileriniň hem ilkinji halypasy. Özi-de Güljahan mugallymyň şägirtlerinden çempionlaryň kemala gelmegi tapgyrma-tapgyr dowam edýär. Ýagny onuň her toparynda çempion küştçüleriň biri ýa-da ikisi bar. Bu hakykaty geçen aýda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda dürli ýaş derejeleri boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijeleri bilen hem delillendirmek mümkin.

Täze möwsüme badalga berildi

Futbol Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatyna geçen ýekşenbe güni badalga berildi. Balkanabadyň «Nebitçisi» ilkinji tapgyrda Mary şäheriniň «Merw» toparyny kabul etdi. Çekeleşikli ýagdaýda geçen oýunda ýeke-täk pökgi hasaba alnyp, ony hem 83-nji minutda myhmanlardan Serdar Annamämmedow öz adyna ýazdyrdy.

Güýçlüler ýeňdi

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdepde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” ady bilen sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. 2008—2010-njy ýyllarda doglan okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy. Etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy oglan-gyzlardan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda geçen ýaryş güýçlüleri öňe saýlady. Şeýlelikde, okuwçy oglanlaryň arasynda 37-nji orta mekdebiň topary birinji, 36-njy orta mekdebiň topary ikinji, 42-nji orta mekdebiň topary üçünji, okuwçy gyzlaryň arasynda 37-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 36-njy orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Woleýbol ýaryşy

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasyndaky woleýbol ýaryşynyň final oýunlary geçirildi. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasyndaky ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Welaýatymyzyň gündogar we günbatar sebit etraplarynda geçirilen ýaryşlarda tapawutlanan toparlar aýgytlaýjy duşuşyklarda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Mekdebiň ýokary derejede enjamlaşdyrylan woleýbol zaly ýaryşyň guramaçylykly geçmegine şert döretdi. Çekeleşikli duşuşyklar güýçli toparlary ýüze çykardy. Netijede, Tejen etrabynyň okuwçy gyzlardan düzülen topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Onda Ak bugdaý etrabynyň topary ikinji, Kaka etrabynyň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Kuala-Lumpurdan 34 medal!

Golaýda Malaýziýa Federasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherinde taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryş geçirildi. Oňa 11 döwletden 1500-e golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç, jemi 34 medal gazandylar. Ildeşlerimiziň gazanan bu üstünlikleri Türkmenistanda sport hereketiniň, şol sanda sportuň taekwondo görnüşiniň ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ýaryşa has ýaşajyk türgenleriň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Şunda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde başlangyç synp mekdep okuwçylary — Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Timur Dubrowin, şol mekdebiň 1-nji synp okuwçysy Batyr Öwezdurdyýew 23 — 29 kilogram, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Taýlyýew 30 — 35 kilogram, paýtagtymyzdaky 130-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Eminbeg Möwlamow 28 — 32 kilogram, Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Omar Berdimyradow 30 — 37 kilogram agram derejelerinde tutluşyklary geçirip hem-de tul görnüşi boýunça görkezme çykyşlarynda altyn, kümüş we bürünç medallary gazandylar. Paýtagtymyzdaky, Mary we Balkan welaýatlaryndaky mekdepleriň 6-njy, 8-nji, 9-njy, 10-njy we 11-nji synp mekdep okuwçyla

Gyzgyn goldaw tapdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, bu ugurdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalaryň barha rowaçlyga beslenmegi örän buýsandyrýar. Bu babatda alnyp barylýan işler türkmen sportunyň täze belentliklere çykmagynda, ussat türgenleriň kemala gelmeginde, berkarar Watanymyzyň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sporty ösdürmäge aýratyn üns berip, ýurdumyzda dürli sport çärelerini we halkara ýaryşlaryny yzygiderli geçirmegiň zerurdygy barada aýtmagy, şeýle-de şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyny geçirmek boýunça degişli Karara gol çekmegi ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy.

Maşgala sport bäsleşigi

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» ady bilen maşgala sport bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan köp çagaly maşgalalar gatnaşdy. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan sport bäsleşiginiň açylyş dabarasynda oňa gatnaşýan agzybir maşgalalara üstünlik arzuw edildi. Bäsleşige badalga berilmegi bilen, köp çagaly maşgalalardan düzülen toparlar öz aralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary alyp bardylar. Hereketli oýunlaryň birnäçe görnüşi, şeýle-de tanap çekmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezen bagtyýar maşgalalar sporta bolan höweslerini, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini aýan etdiler.

Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

Saglyk ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sporta dostana gatnaşyklaryň ilçisi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen bimöçber aladalaryň netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýe, sport geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Her bir ynsanyň saglygy onuň ýurdunyň baýlygy bilen deňelýär. Diýarymyzda ilatyň ähli gatlaklaryna bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak mümkinçiligini kepillendirýän «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.

Pälwanlar ýeňiş bilen dolandylar

Welaýatymyzyň pälwanlary Aşgabat şäherinde kuraş boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde üstünlikli çykyş etdiler. Agram derejeleriniň 30-sy boýunça geçirilen ýaryşlarda welaýatymyzyň topary birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşda ussat tälimçi Şirin Kubaýewanyň türgenleri Leýli Bahadurowa 48, Rozymeňli Meýmanowa 52 kilograma çenli agram derejelerinde altyn medallara mynasyp boldular. Leýli Ýusupowa 52, Kamila Zakirowa 63, Ataniýaz Amangeldiýew 90 kilograma çenli agram derejelerinde ikinji orny eýelediler. Dünýägözel Babaniýazowa 48, Gunça Nurgeldiýewa 70, Leýla Rahmanowa 78, Jamşiddin Ismatow we Şatlyk Hemraýew 100 kilograma çenli agramdaky türgenleriň arasynda bürünç medallara mynasyp boldular.

Welaýatyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebinde woleýbol boýunça welaýatymyzyň çempionaty guraldy. Ýaryşda 2008 — 2009-njy ýyllarda doglan oglanlardan düzülen toparlar özara duşuşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça welaýat merkezimiziň Türkmenabat — 2 topary çempionlygy gazandy. Toparyň düzüminde Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň türgenleri Kerim Allanazarow, Atajan Döwletow, Orun Gylyjow, Myrat Hydyrkulow, Nepes Meňliýew, Alihan Merdanow, Kakajan Metdiýew, Meýlis Seýidow, Arslan Seýtiýew, Allanur Meredow dagy çykyş etdiler. Woleýbolçylary ýaryşa ussat tälimçi Ahmet Jankulyýew taýýarlady. Ýaryşyň ikinji baýrakly ornuny çärjewli türgenler eýelediler. Türkmenabadyň birinji topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Sport — ýaşlaryň gujurly güýji Golaýda etrapdaky 2-nji sport mekdebinde TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň, etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda “Sport — ýaşlaryň gujurly güýji” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Sport

Çekeleşikli geçdi Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmak sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek esasy ýörelgämize öwrüldi.