Taryhda şu gün

8 Mart 2024
348

Häzirki günlerde gyzgalaňly dowam edýän Italiýanyň «A Seriýasynda» öňdäki orny eýeleýän «Inter» futbol klubunyň döredilen güni şu gün bilen senelenýär.

1908-nji ýylyň 9-njy martynda Milan şäherinde täze toparyň döredilmegi şol döwürler netijeli çykyş eden «Milan» toparynyň ýolbaşçylarynyň düzümlerine daşary ýurtly oýunçylary çagyrmazlyklary bilen baglanyşdyrylýar. Toparyň bu ýörelgesine nägilelik bildiren janköýerler «Internasionale» futbol klubuny döredýärler.