Gyzgyn goldaw tapdy

5 Mart 2024
388

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, bu ugurdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalaryň barha rowaçlyga beslenmegi örän buýsandyrýar. Bu babatda alnyp barylýan işler türkmen sportunyň täze belentliklere çykmagynda, ussat türgenleriň kemala gelmeginde, berkarar Watanymyzyň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sporty ösdürmäge aýratyn üns berip, ýurdumyzda dürli sport çärelerini we halkara ýaryşlaryny yzygiderli geçirmegiň zerurdygy barada aýtmagy, şeýle-de şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyny geçirmek boýunça degişli Karara gol çekmegi ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy.

Gurbangeldi KÖMEKOW,
Ahal welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.