Öz käriniň ussady

6 Mart 2024
810

Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinden welaýatymyzyň küştçüleriniň döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda altyn medallaryň birnäçesine eýe bolmaklary ýurdumyzyň gündogar sebitinde paýhas oýnunyň ösmegi ugrunda aladalanýan halypalaryň yhlasly zähmetiniň guwandyryjy netijeleridir. Küştçülerimiziň şeýle üstünliklere eýe bolmaklary üçin welaýatymyzyň küşt boýunça uly tälimçisi Güljahan Öwlýakulyýewa hem gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar.

Güljahan mugallym indi 30 ýyla golaýlap barýan tälimçilik işinde küşt boýunça ýurdumyzyň çempionlarynyň birnäçesini ýetişdiren ussat tälimçi hökmünde tanalýar. Ol Wepaly Halynýazow, Jeren Ibragimowa, Jennet Durdyýewa, Kadyr Jumaýew ýaly halkara küşt ýaryşlarynyň birnäçesiniň ýeňijileriniň hem ilkinji halypasy. Özi-de Güljahan mugallymyň şägirtlerinden çempionlaryň kemala gelmegi tapgyrma-tapgyr dowam edýär. Ýagny onuň her toparynda çempion küştçüleriň biri ýa-da ikisi bar. Bu hakykaty geçen aýda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda dürli ýaş derejeleri boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijeleri bilen hem delillendirmek mümkin.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.