Kuala-Lumpurdan 34 medal!

6 Mart 2024
515

Golaýda Malaýziýa Federasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherinde taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryş geçirildi. Oňa 11 döwletden 1500-e golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç, jemi 34 medal gazandylar.

Ildeşlerimiziň gazanan bu üstünlikleri Türkmenistanda sport hereketiniň, şol sanda sportuň taekwondo görnüşiniň ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ýaryşa has ýaşajyk türgenleriň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Şunda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde başlangyç synp mekdep okuwçylary — Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Timur Dubrowin, şol mekdebiň 1-nji synp okuwçysy Batyr Öwezdurdyýew 23 — 29 kilogram, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Taýlyýew 30 — 35 kilogram, paýtagtymyzdaky 130-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Eminbeg Möwlamow 28 — 32 kilogram, Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Omar Berdimyradow 30 — 37 kilogram agram derejelerinde tutluşyklary geçirip hem-de tul görnüşi boýunça görkezme çykyşlarynda altyn, kümüş we bürünç medallary gazandylar. Paýtagtymyzdaky, Mary we Balkan welaýatlaryndaky mekdepleriň 6-njy, 8-nji, 9-njy, 10-njy we 11-nji synp mekdep okuwçylary 11 — 13, 13 — 15 ýaşdaky ýetginjek, şeýle hem 16 — 18 ýaşdaky ýaş oglan-gyzlaryň arasynda, Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Mary etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçisi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 18 — 39 ýaş aralygyndaky erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Olar tul görnüşinde we degişli agram derejelerindäki tutluşyklarda ussatlyklaryny görkezdiler.

(Ýörite habarçymyz).