Suw diplomatiýasy: hyzmatdaşlyk, umumy bähbitlilik, ösüş

3 Noýabr 2024
250

Häzirki wagtda köptaraplaýyn halkara gatnaşyklary berkitmegiň syýasy-diplomatik usuly hökmünde suw diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri: suwdan durnukly peýdalanmak meselesinde paradigmalaryň üýtgemegi» atly sebitleýin maslahatyň geçirilip, oňa türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili we Halkara Demirgazyk uniwersiteti tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar meseleleri boýunça Agentligi hem-de «UzReportTV» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu foruma Ýewropa Bileleşiginden, sebitleýin guramalardan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, şol sanda türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan hem wekiller gatnaşdylar.

Begmyrat ATAÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Gurbangeldi HAÝDAROW, Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw bölüminiň esasy hünärmeni. Aşgabat — Daşkent — Aşgabat.