Işeňňiriň işi ileri
Hormatly Prezidentimiziň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ilaty daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimiziň eksportynyň gerimini giňeltmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek baradaky tagallalaryndan ugur alnyp döredilen we bu gün üstünlikli işleri alyp barýan önümçilikleriň hatarynda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumy guwanç bilen agzalmaga mynasypdyr. 2019-njy ýylda tapgyrlaýyn açylyp, işe girizilen ýyladyşhana toplumynyň işleri barha ilerleýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, ýyladyşhana toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşanymyzda aýdyň göz ýetirdik. Ýyladyşhana toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 34 gektar bolup, şonuň 30 gektary hasyl ýetişdirmäge niýetlenendir. Galan böleginde mejlisler jaýy, naharhana, dynç alyş otagy, kömekçi otaglar, şeýle-de ýyladyşhana toplumynyň işini utgaşykly alyp barmaga niýetlenen otaglar ýerleşýär. Toplum işe girizilen gününden bäri ol ýerde pomidoryň dürli görnüşleri ýetişdi