Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Onda geçen ýylda ýurdumyzda amala aşyrylan il-ýurt bähbitli işler barada durlup geçilmek bilen, milli Liderimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletimiziň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýan telekeçileriň, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň edildi.
Dabaraly çärede çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri gurmagyň, döretmegiň ajaýyp zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmen telekeçilerine döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde halkyň ýokary isleg bildirýän önümleriniň, harytlarynyň bolçulygy döreýär hem-de kuwwatly ykdysadyýet emele gelýär. Şeýle-de işjeň ýagdaýda geçen çärede ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, olary höweslendirmek barada hem nygtalyp geçildi hem-de telekeçiligiň ösdürilmegi, ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.