Parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulýar. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýa kabul edildi. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ösüşleri dünýä ýüzünde nusga alarlykdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berdi. Uly üstünlikleri bilen ýatda galan 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby çapdan çykypdy. Bu kitap dünýä halklarynyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrmakda, goňşy we alys döwletler bilen ösüşe esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete