Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

11 Dekabr 2024
118

Golaýda Halkara Bitaraplyk güni we Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Bitaraplyk — bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Döredijilik bäsleşiginde baş baýraga «Aşgabat» gazetiniň bölüm redaktory Maýagözel Goşaýewa, 1-nji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Döwletmyrat Orazmyradow, 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kuwwat Ýowbasarow, 3-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Gunça Seýidowa mynasyp boldy. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sowgatlardyr Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde, döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, olaryň dünýägaraýşyny artdyrmakda, ruhy-ahlak taýdan kämilleşmeginde, bu ugurda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda döredijilik bäsleşiginiň ýokary ähmiýeti dogrusynda dabarada çykyş edenler aýratyn bellediler.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik zehinleriniň doly açylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Orazgül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni.