"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Türkmen topragy — bereket çeşmesi

Häzirki ajaýyp döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem beýik ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar. Ine, şol taryhy tapyndylar Änewiň şol döwürlerde ýokary derejede ösen ýaşaýyş merkezleriniň biridigini tassyklady» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Oba hojalyk pudagy ylmyň gazananlary, dünýä tejribesinde gazanylýan üstünlikler hem-de milli tejribelerimiz bilen sazlaşykly ösdürilýär. Häzirki wagtda gallaçylyk, pagtaçylyk, şalyçylyk, gök-bakjaçylyk, üzümçilik, maldarçylyk, guşçulyk we oba hojalygynyň beýleki ugurlary döwrebap kämilleşdirilýär. Oba milli maksatnamalaryna laýyklykda, sebitlerde täze, döwrebap obalar, şäherçeler, oba hojalyk önümlerini uzak wagtlap saklamak üçin niýetlenen ammarlar, azyklyk iýmit önümlerini öndürýän kärhanalar, agyz suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

Zähmet ýeňşini gazandylar

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda beýleki oba hojalyk ekinleriniň hatarynda, gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, bu babatda döredilýän şertlerden, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çeken Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlary Watan harmanyna «ak altyn» goşmakda ajaýyp üstünlige eýe boldular. Olar şonda ekilen 7300 gektar meýdandan 14602 tonnadan gowrak pagta ýygnap, bu baradaky ýyllyk meýilnamalaryna abraý bilen hötde gelip, Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar. Paýdarlar jemgyýetinde şeýle belent sepgitlere ýetilmegi bu ýerde gowaça ekişinden başlap, ähli ideg, ýygym işleriniň talabalaýyk, guramaçylykly alnyp barylmagynyň netijesidir. Çünki hojalygyň pagtaçy kärendeçileri ähli bejergi çärelerini öz wagtynda, ýokary hilli geçirişleri ýaly, pagta ýygymyna hem ilkinjileriň hatarynda girişmek bilen, onuň depginini bada-bat güýçlendirdiler. Şeýlelikde, kabul ediş bölümine her günde ýüzlerçe tonna pagtanyň tabşyrylmagy üpjün edilip, oňa kärendeçi daýhanlaryň kombaýnçylaryň köp sanlysy saldamly goşant goşdular. Olaryň hatarynda her gektaryň hasyllylygyny 50 — 60 sentnere ýetiren pagtaçylar, öz erk edýän kombaýnlary

“Ak altyn” — 2024

Armalary ýetirilýär Şu günler Watanymyzyň milli baýlygy bolan ak pagtany ýygnamak işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçi daýhanlara ýygymçy gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Şeýle hem kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli kombaýnlaryň kömegi bilen meýdandaky hasyl ýygnalýar. Meýdanda işleriň gyzgalaňly alnyp barylmagy üçin zähmet bäsleşikleri yglan edilýär, meýdan düşelgelerinde dynç almak üçin aýdym sazlar, sergiler guralýar. Şeýle aladalar bilen hasyl ussatlarynyň armasy ýetirilýär.

Hasyl toýy — daýhan zähmetine sarpanyň nyşany

Daýhan yhlasyndan kemala gelen bol hasyl türkmen topragynyň berekedi hem-de saçagymyzyň rysgalydyr. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, daýhanlaryň alyn deri ene ýere siňip, zere öwrülýär. Ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy giňden bellenilýär. Oba-kentlerimiz toý lybasyna beslenip, dabaralar uludan tutulýar, milli däp-dessurlarymyz berjaý edilýär. Toý gününde daýhanlarymyza, oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary, Şa serpaýlary gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hasyl toýy merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Däneli ekinleriň hasylyny artdyrar

2024-nji ýylyň jemleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň däneli ekinleriniň umumy hasylynyň 700 million tonna deň bolmagyna garaşylýar. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrligi mälim etdi. Maglumat üçin, mundan öň 9 ýylyň dowamynda bu görkeziji 650 million tonna derejede saklanýardy.

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Murgap etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Murgap etrap birleşmesiniň we etrabyň medeniýet merkeziniň guramagynda «Watan» daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda günorta arakesme wagtynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Pagta — biziň baýlygymyz» atly dabara geçirildi. Onda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň daýhanlara döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary, oba hojalygyny ösdürmek babatda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri dogrusynda giňişleýin aýdyldy.

Daýhanlaryň armasy ýetirildi

Şu günler ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Biziň etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri hem üstümizdäki ýylda ýetişdirilen bereketli hasyly çalt we isripsiz ýygnap almak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Möhüm möwsümiň häzirki günlerinde etrabymyzyň «ak altynly» pellerinde ýüwrük elli ýygymçylaryň müňlerçesi ýadawsyz zähmet çekip, harmanlaryň beýgelmegine önjeýli goşant goşýarlar. Biz hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary bolup, pagtaçy kärendeçileriň arasynda wagyz-nesihat işlerini, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirmäge goşandymyzy goşýarys. Daýhanlarymyzyň armasyny ýetirmek maksady bilen, golaýda etrabymyzyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde «Daýhanlar baýaýar — ýurt kuwwatlanýar» diýen at bilen aýdym-sazly dabara geçirdik. Günortan çagy geçirilen bu dabaranyň dowamynda pagta hasylyny ýygnamakda ussatlyklaryny görkezýän ýygymçylaryň armasy ýetirilip, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleri, döwletli döwranymyzy wasp edip belentden ýaňlanan aýdymlar ýüwrük elli ýygymçylara ruhubelentlik paýlady. Şeýle-de öňdebaryjy kärendeçilere, sürüjilere, ýüwrük elli ýygymçylara etrap komitetimiz tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

«Ak altyn» — 2024

Meýdan düşelgesindäki dabara “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabyň “ak altyn” ussatlary ýetişdiren pagta hasylyny ýygnamak işini depginli alyp barýarlar. Gyzgalaňly dowam edýän ýygym möwsüminde daýhan birleşiklerinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen medeni hyzmat, önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendiriş çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Borçnama artygy bilen

Ýurdumyzyň hususy işewürleri ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygyna-da netijeli zähmeti arkaly saldamly goşant goşmagy başarýarlar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Batly mülkdar» daýhan hojalygy bolup, onuň ekerançylary indi birnäçe ýyl bäri oba hojalyk ekinlerini, esasan hem, gowaçadyr bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we bol hasyl almakda görelde görkezýär. Hojalyk tarapyndan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde uzak möhletleýin alan ýer böleginiň 500 gektarynda şu ýyl «ak altynyň» bitginli hasyly kemala getirildi. Ýygnalan pagta hasylynyň umumy möçberi 622 tonna golaýlap, «ak altyny» döwlete tabşyrmak baradaky borçnama 101 göterim berjaý edildi. Öňdebaryjy daýhan hojalygy şu ýyl 1 müň 720 gektara güýzlük bugdaý ekip, azyklyk gallanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur tagallalary edýär. Güýzlük bugdaý ekişi öz wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk tamamlandy. Hojalygyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögerişiň gazanylmagy geljek ýyl gallanyň bol hasylynyň ýygnalyp alynjakdygyndan habar berýär.

Şalyçylar tijenýärler

Lebap welaýatynyň şalyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 10 müň 200 gektara ekilen şalydan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny ýygnamagy maksat edindiler. Dänew, Halaç, Kerki etraplarynyň şalyçylary şu günler bu babatda öwgä mynasyp işleri bitirýärler. Welaýatda şu ýyl gowy hasyl berýän we çalt ýetişýän şaly sortlary ekildi. «Müňbaş», «Nukus — 2», «Bereket», «Elenga», «Awangard», «Nukus» ýaly sortlar ýerli howa şertlerimize uýgunlaşandygy bilen, her ýylda bol hasyl eçilýär. Şalyçy daýhanlar mydama birek-birek bilen tejribe alşyp durýarlar. Sebäbi ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň çalt depginler bilen ösmegi netijesinde tohumçylyk işinde hem uly üstünliklere ýetilýär. Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň düýp özeninde tohumçylyk işini kämilleşdirmek durýar. Bu babatda paýtagtymyz Aşgabatda sentýabr aýynda geçirilen «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat möhüm ähmiýete eýe boldy.

Şugundyr hasyly ýygnalýar

Mary welaýatynyň oba hojalykçylary gant şugundyrynyň hasylynyň ýygymyna girişdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Murgap jülgesiniň hasyl ussatlary 17 müň 900 gektara aralyk ekin hasaplanýan gant şugundyryny ekip, bereketli hasyl ýetişdirdiler. Sebitiň hasyl ussatlary şu möwsümde azyndan 224 müň tonna gant şugundyryny ýygnap alyp, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Ýetişdirilen bereketli hasyly zaýasyz, öz wagtynda ýygnap almak üçin welaýatda möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamakda, daşamakda ulanyljak tehnikalar we oba hojalyk gurallarydyr awtoulaglar, hasyly kabul ediş nokatlary öňünden birkemsiz taýýar edildi. Welaýatyň Garagum, Baýramaly, Türkmengala, Sakarçäge, Murgap we beýleki etraplarynda gant şugundyrynyň bitginli hasylynyň kemala getirilendigini hünärmenler buýsanç bilen gürrüň berýärler.

Ak pellerde hasyl bolan arzuwlar (Zarisowka)

Gadymy Merw topragynda ady buýsanç bilen tutulýan Rahmanowlaryň kärendeçiler maşgalasy bugdaýdan we pagtadan bol hasyl alyp, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýylyň-ýylyna artygy bilen berjaý edip gelýär. Ussat kärendeçiler diňe bir Sakarçäge etrabynda däl, eýsem, tutuş welaýatda hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Mary welaýatynda döredijilik saparynda bolanymyzda, bize-de bu kärendeçiler maşgalasynyň alyp barýan asylly işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi. Gumgüzer geňeşliginiň arçyny Çarynazar Rejebow bizi zähmetde adygan agzybir maşgalanyň kärende ýerine alyp bardy. Gün günortadan agypdy. Ir säherden işe başlan maşgalabaşy Rüstemdir öý bikesi Şemşat bu wagt ak söwüdiň saýasyndaky agaç sekiniň üstünde oturyp, guşluk çaýyny içýärdiler. Myhmansöýerlik bilen garşy alan Şemşat:

Ýer hozunyň bol hasyly ýetişdi

Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde şu ýyl bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekmek meselesi orta atylanda, tejribeli daýhanlar mekgejöwen, mäş, noýba ýaly ekinleri öz aralarynda dessine bölüşdiler. Şonda daýhan birleşiginiň başlygy Nurýagdy Jumagulyýew öz goňşusy Meýlis Saparowy ýanyna çagyrdy-da: «Şu ýyl daýhan birleşigi bäş gektar meýdana ýer hozuny ekmeli. Şony öz üstüňe alaýsaň nädýär?! Bizem saňa ýerli-ýerden kömek ederis» diýip, daýhan ýigide teklibini aýtdy. Meýlis birbada ikirjiňlenjek ýaly etse-de, soňlugy bilen razy boldy. Daýhan ýigit entek işe girişmänkä, bu ekini öň ekip gören obadaşlarynyň maslahatlaryny diňledi. Görüp otursa, diňe gol zähmetini köpräk talap edýär diýäýmeseň, bu işiň kyn ýeri ýok eken. «Oňa-da gapdaldan kömekçi çagyrmaly bolar» diýip oýlandy-da, daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşdy. Meýlise ýerli-ýerden kömege geldiler. Agzybirlik bilen edilen iş hem-ä öndümli, hem-de gyzgalaňly bolýar. Şeýlelikde, ýer hozunyň ekişi öz wagtynda tamamlandy. Az akym bilen yzgarlandyrylyp berlen suw ýokary hilli gögeriş almaga şert döretdi. Daýhan birleşiginiň başlygy-da gününi sanap boý alýan ýer hozunyň ösüşini synlap, Meýlisiň armasyny ýetirdi. Joýalaryň aralygy 90 santimetrden bolansoň, ony 90-lyk kultiwator bilen yzygiderli bejerip we dökünläp durdy. Bu ýer çägesöw meýdandy, ol bolsa ýer hozuna tüýs kybap ýerdi. D

Belent harman ugrunda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Akdepe etrabynyň Üç kepderi geňeşliginiň çäklerinde has tapawutlanyp zähmet çekýän Yhlas Şermetow 2020-nji ýylda 116 gektar ýeri 99 ýyllyk möhlete peýdalanmaga aldy we ony agrotehnikanyň talaplary esasynda bejerip, ýylyň-ýylyna gowy netije gazanmagyň hötdesinden gelýär. Üstümizdäki ýylda Yhlas öz ýeriniň 90 gektaryna gowaça, 20 gektaryna «Sähraýy» görnüşli bugdaý ekdi. Ol Jennet Halbaýewa, Ilmyrat Şermetow, Toýlybaý Baýryýew, Merdan Annaýew, Şatlyk Berdimyradow dagy bilen agzybirlikde zähmet çekip, şol ekinlerden bol hasyl almagyň hötdesinden geldi. — Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda edýän tagallalaryna 116 gektar ýerimde halal zähmet çekmek bilen jogap berýärin. Haçanda ruhy belent bolanda ynsanyň zähmet ukyby has-da ýokarlanýar. Nesip bolsa, ýygym möwsüminiň ahyryna çenli döwlete 150 tonna pagta tabşyrmaga borçlanýaryn — diýip, Yhlas Şermetow ynamly aýtdy hem-de daýhanyň netijeli işlemegine giň mümkinçilikleri döredip, eşretli durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygyny beýan etdi.

Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

«Ak altynda» hümmet bar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň goldawlaryndan, döredip berýän şertlerinden ýerlikli peýdalanyp, gaýratly zähmet çekýän Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri ene topraga göwnejaý hyzmat edip, ondan dürli görnüşli ekinleriň bereketli hasylyny öndürmekde welaýatymyzda öňdebaryjylaryň arasynda tanalýarlar. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Watan harmanyna galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý eden bolsalar, şu günler ýetişdirilen «ak altyny» çalt we zaýasyz ýygnamak boýunça ýokary iş depginleri bilen görelde görkezýärler. Munuň oňat netijeleri berýändigini bellemek gerek.

Möwsümde ilkinjileriň hatarynda

Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň çägindäki aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän «ak altynly» pelleri synlanymyzda, ene ýere bagry badaşan daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigine göz ýetirýäris. Pagta ýygymy möwsüminde oba ilatynyň esasy maksady ýetişdirilen hasyly gysga döwürde ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaklyga gönükýär. Olar ir säherden giç agşama çenli maňlaý derini döküp, her iş gününi üstünlikli jemlemäge çalyşýarlar. Häzirki gyzgalaňly günlerde kärendeçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini buşlaýan habarlaryň hem yzy üzülmeýär. Şu oba hojalyk ýylynda etrapda, esasan hem, gowaçanyň «Ýolöten-39», «S-2606» görnüşleri ekilip, öz wagtynda geçirilen agrotehniki çäreler oňyn netije berýär.

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gojaman Jeýhunyň sag kenaryny ýakalap oturan Hojambaz etrabynda hem «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirildi. Sahawatly güýzüň häzirki günlerinde etrabyň daýhan birleşiklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Medeniýet işgärleri bolsa meýdan düşelgelerinde bolup, aýdym-sazly çykyşlary bilen daýhanlaryň armasyny ýetirýärler. Golaýda etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Mekan» daýhan birleşiginiň 2-nji kärendeçiler toparynyň meýdan düşelgesinde günorta arakesme wagtynda pagtaçylar üçin medeni hyzmat guraldy. Iş arasynda aýdym-saz diňlemegiň lezzeti bir başga. «Mekanly» oba zähmetkeşleri hem şeýle şatlykly pursatlary başdan geçirdiler. Bu gün meýdan düşelgesinde etrap medeniýet merkeziniň döredijilik toparlary çykyş etdiler. Hususan-da, Atajan Ýazowyň, Çöli Bakyýewiň, Gurbangeldi Rahmedowyň, Saparguly Artykmyradowyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Olar öz aýdym-sazlary arkaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp ýeňişleri, sahawatly güýz paslyny, Watan harmanynyň barha beýgelmegine önjeýli goşant goşýan pagt

Bereket — zähmetiň netijesi

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda durmuşa geçirýän taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, işlerini kämil derejede guraýan kärhanalaryň hatarynda Köýtendag etrabyndaky Dostluk galla önümleri kärhanasy hem aýratyn tapawutlanýar. Bu ýerde gallaçy babadaýhanlarymyzyň ene topragymyzda ýetişdiren guşgursak bugdaýyny gaýtadan işläp, ondan un öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. 1998-nji ýylda işe başlan bu kuwwatly kärhana häzirki wagtda haraz, elewator, ammar, önümleriň hilini kesgitleýji we energiýa üpjünçiligi, abatlaýyş ýaly bölümlerden ybarat bolup, bu ýerde hünärmenleriň 300-si yhlasly zähmet çekýär. Önümçilikde uly degirmenleriň 5-siniň güýjünden peýdalanylýar.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Yhlasly zähmetiň miwesi Garabiliň pesinde, goja Murgap derýasynyň kenaryny ýakalap oturan Tagtabazar etrabynyň “Sandykgaçy” bagçylyk obasyna baryp gördüňizmi?! Bu obada ýaşaýanlaryň uludan-kiçi, ählisi bagbanlar nesli.

Süýjülik ekin — gymmatly çig mal

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Daýhanlara ene ýerden bereketli hasyl almak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmagy, şeýle hem, bir ýylda bir ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmegi möhüm wezipe edip goýýar. Munuň üçin ähli şertler döredilýär. Biziň welaýatymyzyň toprak howa şertleri diňe bir bugdaý, gowaça üçin ýaramly bolman, eýsem, beýleki gök-bakja ekinleri, gant şugundyry üçin hem amatlydyr. Etraplaryň daýhan birleşikleriniň kärendeçileri «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp, bugdaýdan boşan ýerlerde gant şugundyryny ekip, onuň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu ekin ýylyň ikinji ekini bolmak bilen iýun aýynda ekilýär. Şugundyrdan boşan toprak gurplanýar, haşal otlardan arassalanýar.