Welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

30 Oktýabr 2024
318

«Ak altynda» hümmet bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň goldawlaryndan, döredip berýän şertlerinden ýerlikli peýdalanyp, gaýratly zähmet çekýän Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri ene topraga göwnejaý hyzmat edip, ondan dürli görnüşli ekinleriň bereketli hasylyny öndürmekde welaýatymyzda öňdebaryjylaryň arasynda tanalýarlar. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Watan harmanyna galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý eden bolsalar, şu günler ýetişdirilen «ak altyny» çalt we zaýasyz ýygnamak boýunça ýokary iş depginleri bilen görelde görkezýärler. Munuň oňat netijeleri berýändigini bellemek gerek.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».